BILIM

Aspirantura kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama»
laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi
bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki
ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy
amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary
goşmak bilen berilýär:
— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny we onuň
goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň
nusgasyny);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4×6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag
işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy;
— hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy
referat;
— zähmet depderçesiniň nusgasy.
Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar
diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamany) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.

Ýene-de okaň

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kitap gowşuryş dabarasy

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar