JEMGYÝET

Asma ýoluň gyşky ajaýyplyklary

Milli Liderimiz dynç günleri boş wagtlarynda sport maşklaryny ýerine ýetirmegi we tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy adaty endigine öwürdi. Ine, bu dynç güni hem hormatly Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz bu töwerekleri synlap, agtygyna tebigatyň gudratly güýji, onuň egsilmez baýlygy we adamlaryň tebigat bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi.

Kerim atasynyň gürrüň­lerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Bu şekiller uzak wagtlap ýatda galar, sebäbi Türkmenistanda garyň şeýle galyň düşmegi seýrek hasaplanylýar. Şeýle hem göwün göteriji aklygyň Täze ýylyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzy gurşap almagy abadançylygyň we bolçulygyň baş nyşany hasaplanylýar.

Şu ýyl garyň galyň düşmegi dag eteklerinde we sähralarda öri meýdanlaryň sonarly bolmagynyň, miweli baglaryň we ekerançylyk meýdanlarynyň ýokary hasyllylygynyň esasy şerti hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz aýdýar.

Hormatly Prezidentimiz agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündiler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşler açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi

Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meň­zeş şekili döretdi.

Milli Liderimiziň agtygy Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady. Başlan işini ahyryna çenli ýetirmegi öz durmuş filosofiýasyna öwren hormatly Prezidentimiz bolsa gar adamyň keşbine jemleýji üýtgetmeleri girizdi.

Şeýlelikde, garly gi­ňişlikler we Köpetdagyň etegindäki baýyrlar boýunça gezelenji tamamlap, ata bilen agtyk bu ajaýyp ýerden ugradylar. Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistan Owganystanda raýat ylalaşygyny gazanmak babatdaky tagallalary goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini ulanmak möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy hem-de pikirdeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterriş telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi