Şu günler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de okuw merkezleriniň iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda «2024 — TESOL Conference» atly okuw sapaklary geçirilýär.
8 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilýän foruma orta we ýokary okuw mekdeplerinden, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky dil merkezlerinden iňlis dili mugallymlarynyň 250-si gatnaşýar. Maslahata gatnaşmak üçin dil bilimi boýunça amerikan hünärmenleriniň 6-sy Aşgabada geldi.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, onuň çäklerinde umumy mejlisler, interaktiw sessiýalar, mowzuklar boýunça çykyşlar, şeýle hem iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdyrylyşlar we ussatlyk sapaklary geçirilýär.
Maslahata gatnaşyjylar iňlis dilini öwrenmek we öwretmek işinde innowasion çemeleşmeleri, bu ugurdaky iň täze usullary we tejribeleri ara alyp maslahatlaşyp, tejribe alyşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Halkara TESOL assosiasiýasy ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tutuş dünýäde ene dili iňlis dili bolmadyk halklara bu dili öwretmekde kämillige ymtylýan bilermenleriň, mugallymlaryň, ylmy-barlag işlerini geçirýänleriň öňdebaryjy jemgyýeti bolup çykyş edýär.
TESOL «Teaching English for Speakers of Other Languages» jümlesiniň gysgaldylan görnüşi bolup, ol türkmen diline «Başga dillerde gepleýänlere iňlis dilini öwretmek» diýlip terjime edilýär. TESOL iňlis dilini öwretmegiň dünýä derejesinde kabul edilen standartydyr we dünýäniň islendik ýerinde iňlis dili mugallymy ýa-da usulyýetçi bolup işlemek üçin ýeterlik bilim berýän ygtybarly okuw maksatnamasydyr. Daşary ýurtly professor-mugallymlar milli bilim ulgamynda ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berip, türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy saklamaga, mümkinçilikleri öwrenip, ony has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
TESOL-nyň türkmen paýtagtyndaky ilkinji forumy şu gün, ýagny 12-nji ýanwarda öz işini tamamlar.
