JEMGYÝET

Aşgabatda täze binalar gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň düzümlerini kämilleşdirmegiň meseleleri barada aýdyp, häkime Aşgabatdaky agyz suwy zawodyny düýpli abatlamak, könelişen suw geçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de suwuň ygtybarly halkalaýyn suw üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirip, şäherde bina edilýän, kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desgadaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletde tamamlamagyň hem-de onuň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Olaryň işine innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza şäher häkimligi tarapyndan satyn alnan we jemagat gulluklary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglary gysga möhletde getirmek hem-de işe girizmek üçin zerur çäreler görülmelidir.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda köprüleri we ýollary abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow dürli desgalary we binalary gurmak boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynda binalary we desgalary hem-de Aşgabat şäherinde täze medeni merkezi gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşikleriň dowam edýändigi habar berildi.

Paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize taýýarlanylan şekil taslamalary boýunça gymmatly maslahatlaryny bermegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalaryň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak barada görkezme berdi. Şol taslamalara ýakyn wagtda serediler.

 

Türkmenistan «KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini ABŞ-a çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-italýan işewürlik forumyndaky ÇYKYŞY