“Italýan tagamlarynyň hepdeligi” – tutuş dünýäde giňden bellenilýän Italiýanyň aşhana medeniýetine bagyşlanan halkara çäreleriň biridir. Her ýyl noýabr aýynda gurnalýan bu çärä tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem bellenilip geçilýär.
Üstümizdäki ýylda “Italýan tagamlarynyň hepdeligi” 10-njy gezek geçirilip, ol “Italýan aşhanasynda saglyk, medeniýet we innowasiýa” şygary astynda geçirilýär.
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem bu baýramçylyk goşulyp, her ýyl “Italýan tagamlarynyň hepdeligini” gurnaýar. 2025-nji ýylda bu hepdelik paýtagtymyz Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Lawka” restorany bilen gurnaldy.
Üstümizdäki ýylda bu hepdelige “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy. Hepdeligiň çäginde “Lawka” restoranynda geçirilen dabarada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari çykyş edip, herýyl geçirilýän bu çäreleriň maksadynyň italýan tagamlaryny dünýäde giňden wagyz etmekden ybaratdygyny belläp, üstümizdäki ýylda “Italýan tagamlarynyň hepdeliginiň” saglyk bilen baglanyşdyrylandygy, munuň hem sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetli bolup durýandygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Şu ýylyň 24-28-nji noýabry aralygynda gurnalan hepdeligiň çäklerinde italiýaly meşhur aşpezler Edoardo Kartokki and Klaudia Fabiani Aşgabatda birnäçe çäreler gurnap, şol ýerde dürli italýan tagamlaryny taýýarlamak üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Oňa paýtagtymyzdaky myhmanhanalaryň hem-de restoranlaryň tejribeli aşpezleri gatnaşdy. Şeýle hem tagam taýýarlamaga isleg bildirýänler üçin bu ussatlyk sapaklary örän uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, hepdeligiň çäklerinde çagyrylan myhmanlar üçin Italiýanyň meşhur tagamlary hödürlenip, ýörite agşamlyk nahar çäreleri guraldy.
Ine şeýle çäreleriň birine “Ata Watan Media” toparynyň hem habarçysy çagyryldy. Şeýle ajaýyp agşamlaryň birinde myhmanlara Italiýanyň meşhur tagamlary hödürlendi. Olaryň arasynda italýanlaryň meşhur risotto tagamynyň kädi bilen birleşdirilen görnüşiniň bolmagy hem sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.
Mundan başga-da, myhmanlara tiramisu süýjüligi hem-de kofe hödür edildi.
Italýan tagamlarynyň hepdeligi diňe bir tagamlaryň baýramçylygy bolman, eýsem, aşpezlik sungaty arkaly medeni alyş-çalşa ýardam edip, Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin hem mümkinçilik bolup durýar.
