BIZNES

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Aşgabatda şu ýylyň aprel aýynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

Häzirki wagtda bu sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy we hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň we tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň we beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär