BILIM

Aşgabatda geçirilen III Halkara himiýa olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Baş binasynyň mejlisler jaýynda Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň halkara olimpiadada ýeňiji diýlip yglan edilen talyplaryna degişli medallar we diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça şahsy birinjilikde A derejede baýrakly orunlaryň 65-si kesgitlenip, olardan 13-si birinji, 20-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr. Şeýle-de, şahsy birinjilikde B derejede baýrakly orunlaryň 45-si kesgitlenip, olardan 9-sy birinji, 13-si ikinji, 23-si bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr.
Eminler topary tarapyndan iki dereje (A hem-de B) boýunça toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri hem kesgitlenildi. Toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri ýokary okuw mekdebinden şahsy birinjilikde iň ýokary netije görkezen 3 sany talybyň ortaça bahasyna laýyklykda kesgitlenildi.

Olimpiadanyň netijeleri barada doly maglumaty ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary