BILIM

Aşgabatda geçirilen halkara olimpiadanyň jemleri jemlendi

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiada (OMOUS-2024) geçirildi.

Şu gün Halkara zenanlar gününde matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Matematika boýunça halkara olimpiada dünýäniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şol sanda Türkmenistanyň talyplary gatnaşdy. Olimpiada Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Hytaý, Bolgariýa, Ispaniýa, Saud Arabystany we Indoneziýa ýaly döwletlerden 100-den gowrak talyplar gatnaşdy.

Talyplar ýekebara hem-de toparlaýyn esasda ýaryşdylar. Olimpiada 2 dilde: türkmen we iňlis dillerinde geçirildi.

Halkara olimpiadanyň ýapylyş dabarasy aýdym-saza beslenip geçirildi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça ýekebara esasda 41 altyn, toparlaýyn esasda bolsa 6 altyn medal gazanyldy.

Türkmenistanyň talyplary 22 altyn, 51 kümüş we 104 bürünç medal gazandylar. Türkmen talyplary toparlaýyn esasda bolsa, 2 altyn, 5kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl türkmen talyplary bu olimpiadada 20 altyn, 37 kümüş we 63 bürünç medal gazanypdy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary