TEHNOLOGIÝA

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew şu ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda “Türkmentel-2024” atly 17-nji halkara sergisini hem-de ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu halkara foruma birnäçe halkara guramalaryň we önüm öndürijileriň hem-de programma üpjünçiligini taýýarlaýan meşhur kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, şeýle hem halkara sergisine 60-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk we maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri we beýleki ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar.

Şeýle hem halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Bütindünýä poçta birleşmesi tarapyndan bilelikde poçta ulgamyndaky “Sanly transformasiýa” atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara ähmiýetli çäräniň çäklerinde “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemleri jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy blar.

 

Ýene-de okaň

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy