SIZDEN GELENLER

Aşgabat – ýurdumyzyň ýüregi

Paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen Aşgabat şäheri sanlyja ýylyň içinde dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri boldy.

Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan toýlaýar. Aşgabady ösdürmek, täze desgalary gurmak we durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Aşgabadyň özboluşly desgalary, dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 12, 13, 14, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde gurlan desgalar bilen bir hatarda, «Täze zaman», Çoganly, «Gurtly», Parahat 7 ýaşaýyş toplumlary hem-de giň hem owadan şaýollar şäherimiziň görküne görk goşýar.

Paýtagt döwletiň we milletiň buýsanjydyr, ata Watanymyzyň ýüregidir. Döwlet Baştutanymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady bolup, onuň sahypalarynda paýtagtymyzyň şöhratly taryhy, şu güni we geljegine tarap batly gadamlary öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen paýtagtymyz dünýäniň ýaşamak üçin owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Bu gün halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde hem giňden tanalýan paýtagtymyz sebit we dünýä derejesindäki möhüm maslahatlarydyr iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan döwründe Aşgabady ÝUNESKO-nyň “Dizaýn” ugry boýunça şäherleriň döredijilik toruna girizmek baradaky hödürnamanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzüminiň (ÝUNESKO) Sekretariaty tarapyndan resmi taýdan kabul edilmegi bolsa, diýseň guwandyryjy waka boldy.

Sähragül Begliýewa, Gökdepe etrabynyň

3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

 

Raýatyň pensiýa çykyp, işi dowam etmegi barada maglumat

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti