JEMGYÝET

Aşgabat ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizildi

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnama taýýarlanyp, bu gurama hödürlendi.

Şoňa laýyklykda, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň tassyklamagynda 31-nji oktýabrda bellenilen Bütindünýä şäherler gününde dünýäniň 55 şäheri ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizildi. Şol şäherileriň arasynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat hem bar.

Paýtagtymyz Aşgabat «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizildi.

Täze goşulan şäherler özüniň ösüş strategiýasynda medeniýeti we döredijiligi ulanmaga, adamlaryň has amatly şertlerde ýaşamagy üçin şäher meýilnamalaşdyrylyşynda innowasion çözgütlerden peýdalanmaga berk ygrarly bolup galdylar.

Soňky goşulan şäherler hem hasaba alnanda ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik torunyň düzüminde 100-den gowrak döwletde 350 şäher bar. Olar bu tora “Diýazn”, “Kino”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Media sungaty”, “Aýdym” we “senetçilik we halk sungaty” ýaly ugurlar boýunça girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESCO-nyň Şäherleriň döredijilik tory – bu 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna we ilerledilmegine ýardam berilmegine, şonuň ýaly-da dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmeteraplaýyn ösdüdrilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar