SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Stambul şäheriniň halkara howa menziliniň (www.istairport.com) resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Stambul şäheriniň halkara howa menziliniň resmi saýtynda görkezilýän uçar gatnawlarynyň sanawyna “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň hem ýerine getirjek gatnawy girizilipdir.

Şol sanawda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “T5 3901” gatnawy boýunça Aşgabat-Stambul ugry boýunça 14-nji ýanwarda gatnawyny amala aşyrar.

Şeýle hem halka howa menziliniň uçuş tertip sanawynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň şol gün yzyna Stambul-Türkmenabat ugry boýunça hem gatnawy amala aşyrjakdygy bellenilýär.

Umuman, dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara uçar gatnawlarynyň ornuna ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” hem-de Russiýanyň “S7” awiakompaniýalary Türkmenistana ýörite gatnawlary ýerine ýetirýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2022-nji ýyla geçip, eýýäm 3-nji ýörite gatnawyny amala aşyrmaga taýýarlanýar.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy bolsa, 2022-nji ýyldaky ilkinji ýörite gatnawyny ertir, ýagny 14-nji ýanwarda ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

 

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy