Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-34-56; 39-34-64; 39-34-71; 35-12-69; 39-34-76.
