Paýtagtymyzyň ýene bir sport baýramçylygyny — 23-28-nji noýabr aralygynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 50-ä golaý ýurtdan 240-a golaý türgeniň paýtagtymyza gelmegine garaşylýar. Sport bilermenleriniň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda türkmenistanly, özbegistanly we eýranly türgenleriň has gowy netijeleri görkezmegine garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Ýeri gelende aýtsak, çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler. Bu bolsa her agram derejesinde dört türgeniň medal gazanyp biljekdigini görkezýär. Has takygy, agram derejeleriniň her birinde bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medalyň eýesi kesgitlener.
Dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Olaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişlidir. Has takygy, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler.
Türkmenistan dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşar.
Şeýlelikde, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ýene bir sport baýramçylygyna barýar. Çempionat, ozal hem habar berşimiz ýaly, 23 — 28-nji noýabr aralygynda geçiriler.
