SIZDEN GELENLER

Aşgabat – ajaýyp şäher

Häzirki wagtda Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzda döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetiň medeni-ruhy durmuşy, aň-bilim kuwwaty, ilatyň hal-ýagdaýy has aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary haýran galdyrýar. Olarda her aýda diýen ýaly täze jaý toýlary tutulýar. Aşgabatda amala aşyrylýan taslamalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň taslamasynyň bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ajaýyp dag gerşinde beýik türkmen şahyrynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň açyljak güni barha golaýlaýar.

Aşgabady diňe paýtagtlylar ýa-da türkmenistanlylar däl, daşary ýurtly myhmanlar hem söýýärler. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Bu baýramçylyk 2013-nji ýylda döredildi. «Ak şäherim Aşgabat» monumenti paýtagtyň binagärlik nyşanlarynyň birine öwrüldi. Aşgabadyň güni döwletiň durmuşynda uly jemgyýetçilik-syýasy we medeni wakadyr. Aşgabadyň hukuk derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi hakynda» Kanun bilen berkidilendir.

«Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygyna Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli geçen ýylyň 25-nji maýynda badalga berilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu taslama ýurduň ösüşiniň kuwwatydyr, paýtagtyň geljekki ýüzüdir, adamlar barada edilýän ýokary derejedäki aladadyr. Bu taslama islendik şäher üçin derejedir, abraýdyr. Ol ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk ulgamlarynyň, binagärlik toplumlarynyň we beýleki inženerçilik desgalarynyň özboluşly, düýpli, döwrebap meýilnamasydyr. Taslamada göz öňünde tutulýan häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri şäherliler hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin oňaýly şertleri döreder.

Aşgabadyň täze iri ýaşaýyş toplumy soňky ýyllarda bütin dünýäde «smart city», ýagny «akylly şäher» ady bilen meşhur bolan konsepsiýa — öňdebaryjy gurluşyk usullary we innowasion tehnologik çözgütler esasynda bina ediler. Bu konsepsiýa laýyklykda gurulýan şäherler diňe döwrüň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilmän, eýsem, olaryň «akylly» bolmagyna hem aýratyn uly üns berilýär. «Akylly» şäheriň beýleki şäherlerden tapawudy hem şundadyr.

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplary döwrebaplaşdyryldy, täze iri ýaşaýyş toplumlary, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň baş şäheri ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar.

Milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalaryň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin, Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi buýsandyryjy wakalaryň biridir.

Serdar Ataýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/global-yylylyk-ukynyn-dowamlylygyny-azaldar/

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany