JEMGYÝET

Aşgabadyň dokma toplumy agyz-burun örtüklerini öndürip başlady

Ilatyň zeruryýetini göz öňünde tutup, Aşgabat dokma toplumynda agyz-burun örtügini öndürýän ýörite bölüm hereket edip başlady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dokma toplumynda halkyň göwnünden turjak dürli reňklerde we şekiller berlip öndürilýän örtükleriň her günde bäş müňüsi ilata hödürlenilýär.

Bu ýerde öndürilýän önümleriň aýratynlygy olaryň flanel matasyndan öndürilýänligidir.

— Toplumymyzda setin, kriton, ranfors, flanel görnüşli matalar öndürilýär. Ýöne agyz-burun örtükleri üçin flanel iň amatlysy. Sebäbi, ol tutuşlygyna pagtadan bolansoň, ýumşak we adamyň endamy üçin ýaramly bolup, uzak wagt dakynmak üçin amatly. Ýeri gelende bellesek, bäbek gundaglary üçin hem şol mata ulanylýar. Ikinji tarapdan, flaneli halka elýeterli bahadan hödürlemek mümkin — diýip, toplumyň hünärmeni Gülşat Syddykowa gürrüň berýär.

Agyz-burun örtüklerini biçmek, tikmek işleri toplumyň tikin bölüminde amala aşyrylandan soňra, hil barlag bölüminde ýörite serişdeler bilen arassalanyp, satuwa goýberilýär.    

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar