JEMGYÝET

Aşgabadyň 140 ýyllygy üçin 140 ýaşaýyş jaýy açylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

140 ÝYLLYGA 140 ÝAŞAÝYŞ JAÝY ULANMAGA BERLER

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

 

Buffon “Ýuwentusdaky” soňky kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy