Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol toparyna milli çempionatymyzyň bir möwsüminde 100 gol geçirmek üçin bary-ýogy 21 duşuşyk gerek boldy. Topar möwsümdäki 100-nji goluny 23-nji tapgyrda «Aşgabat» toparynyň derwezesinden geçirdi. Bu goly kapitan Arslanmyrat Amanow öz adyna ýazdyrdy. Bu barada Futbol federasiýasy habar berýär.
Şeýlelikde, «Arkadag» topary sekiz ýyldan soň Ýokary liganyň bir möwsüminde 100 gol geçirip bilen ilkinji topar boldy. Mundan öň 2016-njy ýylda paýtagtyň «Altyn asyry» möwsümi 108 gol bilen tamamlapdy. Heniz üçünji aýlawyň hem tamamlanmandygyny göz öňünde tutsak, «Arkadag» toparynyň has uly rekordlara hem ýetmek mümkinçiliginiň bardygyny aýdyp bileris.
23-nji tapgyrdan soň 101 goly bolan topar Ýokary liganyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň sanawynda sekizinji orna göterildi. Wladimir Baýramowyň şägirtleri bu sanawyň ilkinji 10-lugyna 22-nji tapgyrda girmegi başarypdylar. Ilkinji üçlüge girmek üçin topara ýene-de 7 gol gerek bolar. Sanawyň öňdäki iki basgançagyny bolsa ýurdumyzyň ady rowaýat öwrülen toparlarynyň biri bolan «Köpetdag» eýeleýär. Topar 1992-nji ýylyň möwsümini 151, 1995-nji ýyly bolsa 116 gol bilen jemläpdi.
«Arkadag» toparynyň ilkinji möwsüminde 83 gol geçirendigini bellemek bolar.