Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda geçen ýylyň çempiony “Arkadag” topary çempionatdaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bilen duşuşan “Arkadag” topary garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary Arslanmyrat Amanow, Didar Durdyýew hem-de Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.
Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda “Nebitçi” myhmançylykda “Şagadamdan”, “Ahal” “Merwden”, “Aşgabat” topary bolsa “Energetikden” üstün çykdylar.
Geçirilen duşuşyklarda 6 utuk toplan “Ahal” topary ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär.
Futbol çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy hem-de 11-nji martda geçiriler: “Nebitçi” – “Arkadag”, “Ahal” – “Şagadam”, “Köpetdag” – “Energetik”, “Aşgabat” – “Merw”.
2-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Energetik” – “Aşgabat” – 0:3
Gollar: 3 (11 m.j.u.) Hojanazar Gurbanow, 41 Begmyrat Pirgulyýew, 86 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 2 Begenç Teýmirliýew, 39 Guwanç Ýagmyrow, 45+2 Tirkişmyrat Şamyradow (“Energetik”) – 18 Oraz Orazow, 65 Azatmuhammet Hojamuhammedow (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)
“Merw” – “Ahal” – 0:1
Gol: 56 (11 m.j.u.) Ýazgylyç Gurbanow (“Ahal”)
Duýduryşlar: 12 Mukam Nazzyýew, 55 Furkat Tursunow, 81 Şazada Bäşimow (“Merw”) – 12 Meýlis Diniýew, 18 Adylbek Rawşanow (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Baýramaly ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
“Şagadam” – “Nebitçi” – 1:2
Gollar: 53 Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”) – 42, 45+4 Döwran Berdiýew (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 38 Begmyrat Arbatow, 45+2 Hydyr Ýakubow, 55 Ýunus Orazmämmedow, 67 Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”) – 57 Daýanç Nuryýew, 63 Aşyrgeldi Saryýew, 90+4 Perhat Haýtjanow (“Nebitçi”)
Meýdandan çykarylan: 90+6 Begmyrat Arbatow, 2-nji duýduryş (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
“Arkadag” – “Altyn Asyr” – 3:0
Gollar: 14 Arslanmyrat Amanow, 27 Didar Durdyýew, 82 Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”)
Duýduryşlar: 85 Şamämmet Hydyrow (“Arkadag”) – 58 Ahmet Nurmetow (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | “Ahal” FK | 2 | 2 | 0 | 0 | 6-0 | 6 |
| 2. | “Aşgabat” FK | 2 | 1 | 1 | 0 | 3-0 | 4 |
| 3. | “Arkadag” FK | 1 | 1 | 0 | 0 | 3-0 | 3 |
| 4. | “Şagadam” FK | 2 | 1 | 0 | 1 | 3-3 | 3 |
| 5. | “Nebitçi” FK | 2 | 1 | 0 | 1 | 2-2 | 3 |
| 6. | “Merw” FK | 2 | 1 | 0 | 1 | 1-1 | 3 |
| 7. | “Köpetdag” FK | 1 | 0 | 1 | 0 | 0-0 | 1 |
| 8. | “Altyn Asyr” FK | 2 | 0 | 0 | 2 | 1-5 | 0 |
| 9. | “Energetik” FK | 2 | 0 | 0 | 2 | 0-8 | 0 |
