Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» bilen ýerli «Şagadam» futbol toparlary duşuşdylar.
«Arkadag» futbol topary 1:0 hasabynda üstün çykdy. «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren goly, goşmaça wagtyň 5-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň çempionatynda 10-njy duşuşygyny geçiren «Arkadag» futbol topary bu duşuşyklarda 100 göterimlik netije görkezip, 10-njy ýeňşini gazandy. «Arkadag» Topary «Şagadamy» birinji aýlawda hem 4:0 hasabynda ýeňipdi.
Türkmenbaşydaky duşuşykdan soň «Arkadag» toparynyň resmi duşuşyklarynyň sany 14-e çykdy. Olaryň 10-sy çempionata, 4-si bolsa Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa degişlidir. Çempionatda 13-nji goluny geçiren Didar Durdyýew ähli resmi duşuşyklardaky gollarynyň sanyny 19-a çykardy diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda ýazylýar.
«Arkadag» futbol toparynyň ähli resmi duşuşyklaryndaky gollarynyň sanyny 52-ä ýetdi.
