SPORT

Arkadag topary 10-njy ýeňşini gazandy

Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» bilen ýerli «Şagadam» futbol toparlary duşuşdylar.

«Arkadag» futbol topary 1:0 hasabynda üstün çykdy. «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren goly, goşmaça wagtyň 5-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň çempionatynda 10-njy duşuşygyny geçiren «Arkadag» futbol topary bu duşuşyklarda 100 göterimlik netije görkezip, 10-njy ýeňşini gazandy. «Arkadag» Topary «Şagadamy» birinji aýlawda hem 4:0 hasabynda ýeňipdi.

Türkmenbaşydaky duşuşykdan soň «Arkadag» toparynyň resmi duşuşyklarynyň sany 14-e çykdy. Olaryň 10-sy çempionata, 4-si bolsa Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa degişlidir. Çempionatda 13-nji goluny geçiren Didar Durdyýew ähli resmi duşuşyklardaky gollarynyň sanyny 19-a çykardy diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda ýazylýar.

«Arkadag» futbol toparynyň ähli resmi duşuşyklaryndaky gollarynyň sanyny 52-ä ýetdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy