SIZDEN GELENLER

“Arkadag paýhasy”

Jemgyýet asuda, raýatlar bagtly,
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.
Ilerledik hasda öñe aýgytly
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Ýaşaýyş eşretli, durmuş bolelin,
Goynunda erkana ýaýnap güleliñ,
Watana wepaly perzent bolalyñ
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Bilimden yükümiz, paýymyz ýetik,
Bu döwürden bihal giden ýok ötüp,
Başa täç edýäris Tugumyz öpüp
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Gözellikde bäsdir behişde kybap,
Paýtagtyñ şöhraty barýandyr uzap,
Şanly senelere toý-baýram gurap
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Watany beýgelder Watanyñ Ogly,
Mertebe, gaýraty özünde dogmy,
Şükür her bir tutan işimiz oñly
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Kämil tehnologiýa sanly ulgamyñ,
Elektron internetli torlaryñ,
Ýola goýduk elýeterli bolmagyn
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Oturan ýermizde, online söwda,
Sargyt etseñ bolar gapyñda peýda,
Şu işleñ barysy il üçin peýda
Eziz Arkadagyñ paýhasy bilen.

Leýli Täjibaýewa,

Daşoguz welaýaty.

“Zenit” – Russiýanyň çempiony

 

 

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir