SPORT

«Arkadag» futbol kluby «Wardar» toparyny ýeňdi

«Arkadag» futbol kluby Demirgazyk Makedoniýanyň iň atly toparlarynyň birini — «Wardar» klubyny ýeňlişe sezewar etdi.

Klublaryň ikisiniň hem Antalýa şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralan duşuşyk «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Türkmenistanyň çempionynyň ýeke-täk goluny hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

«Wardar» futbol kluby 1947-nji ýylda esaslandyryldy. Topar Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempionydyr, 5 gezek bolsa ýurduň Kubogynyň eýesidir. Ýurduň paýtagty Skopýe şäheriniň topary Ýewropanyň Ligasynyň pleý-off hem-de toparçadaky tapgyrlarynda çykyş etdi.

«Arkadag» futbol klubynyň täze möwsüme görýän taýýarlyk işleriniň çäginde 10-njy fewralda Ukrainanyň «Dnepr-1» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýatladýarys.

Türkmen toparynyň Türkiýe Respublikasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 12-nji fewrala çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy