SPORT

Arda Güler ilkinji resmi duşuşygynda oýnady

Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyndan Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçen ýylyň tomsunda transfer bolan Arda Güler täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygynda oýnady. Ol hem Ispaniýanyň Kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Arandina” topary bilen geçirilen duşuşyk boldy. Arda Güler bu duşuşykda görkezen oýne bilen ispan janköýerleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

“Real Madrid” toparynyň düzüminde ilkinji resmi duşuşykgynda Arda Güler 59 minut oýnady.

Arda Güler 2023-nji ýylyň tomsunda 20 million ýewro satyn alnypdy. Türkiýäniň hüjümçi ýarymgoragçysy Ispaniýanyň şa klubyna geçenden soň türgenleşikde alan şikesi bilen şu wagta çenli resmi duşuşyklara gatnaşyp bilmedi.

Ispan toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti hem Arda Güleriň ilkinji duşuşykdaky oýnundan hoşal bolandygyny belledi. Ol futbolçynyň entek doly şikesden taplanmadygyny we fiziki türgenleşikler üçin sabyrly bolmagyň zerurdygyny mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler