Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň artýandygyny nazara alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyndan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş etdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň haýyşyny bitirjekdigini aýdyp, “Arçman” şypahanasynyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwürlerinde Arçmanda täze önümçilik we senagat kärhanalaryny gurmak baradaky çözgüt kabul edildi. Şonda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu çözgüt bilen ylalaşman, senagat toplumlarynyň “Arçman” şypahanasynyň çeşmesine ýaramaz täsir etjekdigini mälim edýär. Ýöne muňa garamazdan, 1998-1999-njy ýyllarda bu ýerde gurluşyklar başlanýar. Şolaryň netijesinde “Arçman” şypahanasynyň çeşmesiniň gözi ýapylýar.
Türkmenistanyň şol wagtky saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň şypahananyň çeşmesiniň kesilmegine sebäp bolandygyny ylmy taýdan esaslandyryp, Türkmenistanyň Prezidentine degişli mazmundaky haty ýollaýar. Onuň netijesinde gurluşyk togtadylýar. Şondan 2-3 ýyl geçensoň, şypahananyň çeşmesi açylyp, akyp başlaýar.
2009-njy ýylda Arçmanda 400 orunlyk täze bina gurulýar. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekilýär we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekilýär. Bu bolsa adamlaryň saglygyny berkitmek işleriniň şypahananyň melhem suwy hem-de bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlaryň şypahananyň çägini giňeltmek baradaky haýyşlaryny nazarda tutup, şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan düýpli öwrenilip, gelnen netijä laýyklykda, bu ýerde 200 ýa-da 400 orunlyk binany gurmak boýunça teklibiň taýýarlanyljakdygyny, onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetiriljekdigini nygtady.
7-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama