JEMGYÝET

<> täze <>-laryň ýene-de üçüsini tanyşdyrar

Elbetde, «Apple» kompaniýasynyň 2019-njy ýylda nähili täzelikleri taýýarlaýandygy her kim üçin hem gyzykly bolsa gerek. Täze «iPhone-lar» kameralary, görnüşi bilen ozalky «garyndaşlaryndan» tapawutlanar. Täze telefonlaryň birinde üç, galan ikisinde bolsa iki sany arka kamera bolar.

Olaryň biriniň kristal ekrana eýe bolmagyna-da garaşylýar. Hususan-da, şeýle ekran «iPhone XR» kysymynda bolar. Şeýlelikde, «Apple» hytaýly bäsdeşleri bilen göreşini dowam etdirer.

Şeýle hem, deslapky maglumatlara görä, «Apple» 2020-nji ýylda organiki şöhle berýän diot ekranlary hem işe girizer. Häzir işjeň ulanylýan LCD ekranlary soňlugy bilen ulanyşdan galar.

Related posts

CNPC: Çin, Türkmen doğalgazının en büyük ithalatçısı

vepa

Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6 aýda 6.2 göterim ösdi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi