SIZDEN GELENLER

“Apple” -iň taryhy barada…

Dünýä belli bolan “Apple”-iň döreýşi we ony esaslandyrjylar baradaky maglumatlar köpler üçin has-da ýakymly bolsa gerek. Sebäbi, biziň häzirki ýaşaýyş-durmuşymyzda “Apple”-iň döreden telefonlarydyr kompýuterleri giňden peýdalanylýar we şahsy önümçilik işleri has-da baýlaşdyrylýar.

“Apple” kompaniýasynyň taryhy aýratynlygy onuň döreýşini hem-de häzirki biziň günlerimize çenli geçen ýoluny öz içine alýar.

Adamlaryň aňynda “Stiw Jobs we Wozniak “Apple”-i esaslandyryjylar bolup durýarlar” diýen garaýyşlar bar, ýöne olaryň dosty Ronald Wayne bolmadyk bolsa, şu günki iPhone, iPad ýa-da iMac bolmazdy.

Stiw Jobs bilen Wozniak örän gowy dost bolupdyrlar. S.Jobs mekdebi gutaranda ol özüniň gutardyş dabarasynda görkeziljek çykyşlary we Watikana jaň etmek ýaly degişme oýunlary bilen çykyş etdi.

Stiw Jobs bilen Wozniak uzak aralykdan telefon jaňlaryny tölegsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýän “gök gutular” gurmak üçin “nou-hau” tehnologiýasyny ulanypdyrlar.

S.Jobsuň dosty Wozniak ýazuw enjamyna meňzeş klawiatura we adaty telewizor hökmünde birikmek ukyby bolan ilkinji kompýuter öndürdi. Soňra bolsa Wozniak özüniň öndüren enjamyny has-da kämilleşdirdi, ýöne Wozniak öndüren önümleri bilen kompýuter dünýäsini üýtgetjek bolmaýardy.

2006-nji ýylda NPR-de (Milli jemgyýetçilik radiosy) Wozniak bilen bolan söhbetdeşlikde, ol şeýle diýýär: “kompýuter diňe ýazuw enjamyna meňzemeli, kompýuterde klawiatura hem-de monitor bolmaly”.

Soň Stiw Jobs dosty Wozniakyň ýasan kompýuterini gördi we onuň uly derejä ýetendigini bildi, Wozniakyň önümçiligini maliýeleşdirmek üçin S.Jobs oňa ýardam berdi. Wozniak hem özüniň HP kalkulýatoryny satdy.

1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Wozniak Ronald Wayne bilen bilelikde “Apple Computer Inc” – i esaslandyrdylar.

Näme üçin “Apple” kompaniýasynyň ady “Apple” diýip atlandyryldyka?!

1984-nji ýylyň dekabr aýynda “Baýt” žurnalynyň Wozniak bilen guran söhbetdeşliginde Wozniak bu pikiri S.Jobsa teklip edendigi barada aýdylýar. Stiw Jobsuň terjimehalyna görä, “Apple” ady S.Jobsuň alma bagyndan gaýdyp geleninden soň döräpdir. Bu at gyzykly ruhubelent hem-de hiç kimi gorkuzmaýar.

“Apple”-iň adynyň döreýşi hakynda başga-da birnäçe garaýyşlar bar. Alma agajyň aşagynda duran wagty Nýutonyň kellesine alma gaçandan soň “Apple” diýip atlandyrylandygy baradaky pikir, “Apple” -iň asyl nyşanynyň Nýutonyň agajyň aşagynda oturanynyň has çylşyrymly suratydygy bilen tassyklanýar.

“Apple” kompýuterindäki ilkinji programma “VisiCalc”-dyr. VisiCalc 1979-njy ýylda açyldy we “hasaplamalary we gaýtadan hasaplamalary ýerine ýetirip bilýän jadyly kagyz” hökmünde häsiýetlendirildi.

Terjime eden:

Amangözel Satymowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

Türkmenistanda halkara bilim olimpiadalary geçiriler

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk