SIZDEN GELENLER

APL-däki «Ak gämi»

Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti şeýleräk jümleler bilen başlaýar: «Ol oglanyň iki sany ertekisi bardy. Biri özüniňkidi, ol hakda hiç kim bilmeýärdi. Beýlekisi bolsa atasyndan eşidenidi….» Aslynda oglanjygyň ertekisi, atasynyň aýdyp beren şol sugunly ertekisi esasynda döräpdi, has anygy şol ertekiden bölünip gaýdan bir bölek diýseňem bolman durmaz. Ýöne bir maksady arzuwlasalaram iki erteki ahyrsoňy iki ertekidi, bir ertekiden uly hyýal, uly zat.

…Liwerpully janköýerleriňem iki sany ertekisi bardy, birinjisi 30 ýyldan bäri liwerpullylaryň ýüreklerinde elenip gelýän çempion bolmak hakyndaky erteki, ikinjisi germanýaly hünärmeniň APL-iň çempiony bolmak hakdaky şahsy ertekisi. Maksatlary birem bolsa iki erteki diýere esas bardy.

«Liwerpulyň» janköýerlerine düşünýän. 30 ýyl az zat däl, hatda ýatlamak üçinem uzak taryh agdarmaly bolýar. Görlip oturylsa Kenni Dalgliş bilen gazanylan üstünlik barpy-ha bir är ömriniň aňrysynda galypdyr. 1990-njy ýylda, ýagny soňky gezek «Liwerpul» çempion bolanynda heniz Salah dünýä hem inmändi. Maýkl Owen ýaly ýyldyz futbolçynyň şan-şöhratly döwrini özünde jemlänem bolsa, bu topara «dumanly ülkäniň» çempionlygy heniz nesip etmändi. Eger-de biz bu barada «Liwerpulyň» janköýeri bolmadyk adamyň ýanynda gürriň etsek «Dogrudanam, şeýlemi, APL-de çempion bolmanmydy?» diýmegi ahmal. Sebäbi «Liwerpul» Angliýanyň çempionyna mynasyp oýun görkezýär welin, onuň içgin janköýeri bolmasaň ünsem bermezligiň ahmal. Ýöne ýokarda belleýşimiz ýaly, sadyk janköýerler üçin çempionlyk ajaýyp ertekä öwrülipdi.

Dillerde dessana öwrülen Mane, Salah we Firminýo üçligini bu topar üçin 30 ýyllygyň iň netijeli hüjümçiler topary diýýänlere tutuş Apenin ýarym adasyna kölege salan «Stambul gijesini» ýatladasym gelýär. «Liwerpul» owalda-ahyrda atly-abraýly topar. Onuň beýikigi çempionlyk bilen subut edilmände hem aýdyň.

Ýurgen Kloppyň ertekisi , «Liwerpul halk ertekisinden» gözbaş alanam bolsa aýry erteki. Onuňky bir nemes hünärmeni hökmünde APL-iň taryhyna adyny ýazdyrmak. Dogry, bu barada oňa altyn galamy tutdurjak topar diňe «Liwerpul» bolup bilerdi we şeýle-de boldy. Ýöne eline galam alanyň hemmesi ýazyjy däl, haçanda Çigiz Aýtmatow ýaly beýik ýazyjy bolanyňda Yssyk köldäki «Ak gämini» Londonyň köçelerinden görüner ýaly edip ýüzdürip bolar.

«Realyň» Ispaniýadaky real çempionlygyndan, «Ýuwentusyň» seriýa A-da «dokuzyny düzetmeginden» tapawutlylykda Kloppyň şägirtleri taryhyň sahypalaryny täzelediler. Sekuntlaryň içinde göz öňimizden 30 ýyllyk «Liwerpul» geçip gitdi: Maýkl Owenli döwür we Stiwen Jerrardly döwür, göýä ki hemmesi üýşip Angliýanyň çempiony bolan ýaly duýuldy maňa.

APL-yň çempionlygyny onuň ezeli garşydaşy «Mançester Sitiniň» sowgat etmegi, çempionlyk baýragynyň bolsa ýene bir esasy garşydaşy «Çelsi» bilen oýundan soň gowşurylmagy hem Kloppyň toparynyň ýeňşine ýalkymly şöhle saçdy. Tälimçi ukybyny görkezmegi başardy. Ol ýyldyzlary üýşürmezdenem «APL-iň asmanynda» şöhle saçmagy başardy. Çempionlyk dabarasynda äýnegini aýranyna üns bermäň, çünki şol wagt, megerem, onuň göz öňünden ötýänleri synlamak üçin äýnek zerur däldi. Onuň gözüne uzak taryh, amala aşan uly arzuw we «Ak gämi» görünýärdi. Ol alyslara nazar salyp, oglanjygyňka çalymdaş ertekisini okaýardy…

 

Merdan BAÝAT,

žurnalist.

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika