JEMGYÝET

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynda Türkmenistanyň orny aýratyn möhümdir. Munuň özi Siziň ýurduňyzyň sebit durnuklylygyna ýardam bermekde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt boýunça topary bilen ajaýyp hyzmatdaşlygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! BMG-niň düzümi üçin goşmaça binany bölüp bermegiňiz biziň pugta hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Saparym mahalynda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak hormatyna mynasyp boldum. Bu abraýly sylag biziň çuňňur gatnaşyklarymyzy we gymmatlyklarymyzy alamatlandyrýar. Ol meni mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň adamlaryň, tebigatyň sazlaşygy baradaky ýörelgelerine ymtylmaga ruhlandyrýar.

Men biziň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin we bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu Guterriş,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy