Türkmen milli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna taýýarlanylýan döwürde Ankara uniwersitetinde-de täzeçe bir ädim ädilipdi. Has dogrusy, 2012-nji ýylda Ankara uniwersitetiniň Dil ve taryh-geografiýa fakultetiň Türk dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň müdiri, tanymal türkolog Prof. Dr. F. Sema Barutcu Özönderiň tagallalary bilen, ylmy iş ýazan ýokary lisans we doktora talyplary üçin Ankara uniwersitetinde 04016220 kodly “Mahtumkulu Araştırmaları” (Magtymgulyny öwreniş) diýen ýörite sapak okuw meýilnamasyna girizilipdi.
Kafedranyň tejribeli türkmen dili mugallymy, Türk Dil Guramasynyň habarçy agzasy, dilçi-alym Berdi Saryýew tarapyndan berilýän bu sapagyň 2023-2024-nji okuw ýylyndaky bahar döwründäki dersleri türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň gutlanylýan döwrüne gabat geldi.
Düýn bu sapagyň birinji dersi kafedranyň 600-nji otagynda türkmen we türk talyplarynyň gatnaşmagynda ýörite “Magtymgulynyň kitap burçunyň” döredilmegi bilen başlandy.
Talyplar “Magtymgulynyň kitap burçuny” has-da baýlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň Daýanjy” diýen kitabynyň türk diline terjime edilen nusgasy bu burçda ýakyn wagtda öz mynasyp ornuny alar. Bu kitap (Gençler – Vatanın Dayanağı) kafedranyň alymlary tarapyndan türk diline terjime edildi.
Derýa Çalyk,
Ankara uniwersitetiniň Dil ve taryh-geografiýa fakultetiniň talyby