Angliýanyň futbol çempionatynda ýylyň duşuşygy geçirildi. Çempionlyk ýaryşyynda möhüm hasaplanan duşuşykda “Mançester Siti” topary bilen “Liwerpul” topary duşuşdy.
“Etihad” stadionynda oýnalan duşuşykda “Mançester Siti” topary 2 gezek öňe geçdi. Ýöne “Liwerpul” topary hasaby deňlemegi başardy.
“Mançester Siti” toparyndan 8-nji minutda Kewin de Bruýne, 36-njy minutda Gabriel Jesus tapawutlandy.
“Liwerpul” toparyndan bolsa, 13-nji minutda Diogo Jote, 46-njy minutda bolsa, Sadio Mane tapawutlandy.
“Mançester Siti” toparyndan Rahim Sterlingiň geçiren goly bolsa “WAR” ulgamy tarapyndan ýatyryldy.
Şeýlelikde, “Mançester Siti” topary 74 utuk bilen birinji orunda, “Liwerpul” topary bolsa 73 utuk bilen ikinji orunda barýar.
