Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde maşgala geňeşi boýunça alty aýlyk maşgala synag maksatnamasyny tamamlady. USAID we UNFPA tarapyndan goldanýan jemgyýetçilik guramalar Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda 200-den gowrak ýaş maşgalalar uçin okuw-maslahatlaryny geçirdiler. Okuw-maslahatlary oňyn jyns kadalary, reproduktiw hukuklar we dawalary çözmek ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşylmagy öz içine aldy. Mundan başga-da, tälimçiler we gatnaşyjylar gender zorlugynyň öňüni almak we maşgalada sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýulmak ýaly soraglary hem ara alyp maslahatlaşdylar.
USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze okuw-maslahatynyň açylyşynda şeýle belledi: “USAID-iň gender zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, şeýle hem gender deňligi we zenanlaryň ykdysady hukuklaryny ösdürmek boýunça öňden gelýän borçnamalary bar”. Başlangyjyň üstünliklerine esaslanyp, UNFPA ýaş maşgalalar uçin synag okuw-maslahatlaryny geçirmegini dowam etdirer.
Bu çäreler USAID-iň Türkmenistanda gender deňligini öňe sürýän şeýle-hem zenanlaryň hukuklaryny osdürmek boýunça mehanizmlerini hem-de ulgamlaryny işläp düzmekde halkara donorlar, ýerli häkimiýet we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň köp mysallaryndan biridir.
###
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2 Impact (ozalky QED Group LLC) kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. GSP Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amaly ädimleri beýan edýän Gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasyna (NAPGE) laýyklykda, hem-de institusional we jemgyýetçilik derejesinde zenanlaryň hukuklaryny ösdürmek we gender deňligini berkitmege ugrukdyrylan USAID-iň 2023-nji ýyl üçin Gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny ösdürmek syýasaty boýunça hyzmatdaşlar bilen işleýär.
###
USAID – dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-