BIZNES

«Amazon» hindi işewürligine aralaşýar

«Amazon» kompaniýasy Hindistandaky kiçi we orta telekeçiligiň önümlerini onlaýn söwda ulgamyna girizmek üçin 1 milliard dollar harçlady. Bu işi kompaniýanyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň hut özi amala aşyrdy.

BBC News-yň habar bermegine görä, Bezos Hindistany XXI asyrda işewürligiň iň rowaçlanjak döwleti hökmünde görýär. Onuň çaklamalaryna görä, «Amazon» 2025-nji ýylda Hindistanyň 10 milliard dollarlyk önümini eksport etmäge gatnaşyp biler. Häzirki wagtda kompaniýa bu döwlete 5,5 milliard dollarlyk maýa goýdy.

Ýöne Bezosyň bu saparynyň (ol üç gün dowam etdi) Hindistanda kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan işewürlerini biynjalyk edendigi barada hem habarlar bar. Olaryň pikiriçe, «Amazon» harytlary arzan satýar we işewürleri uly girdejiden mahrum edýär. Kompaniýa bu düşünişmezligiň tiz wagtda aradan aýryljakdygyny aýdýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder