HEKAÝALAR

Ak sözen (hekaýa)

Biziň obamyzda ilki gülleýän agaç – Ak sözen. Oň gülleri üýtgeşik – ötegçi guşlar. Şonuň üçin biz heniz alabahar gelmänkä ak sözeniň töweregini tämizläp goýýas.

Obamyzyň hemme zady ak sözen bilen bagly. Ak sözene dahylsyz ýekeje hojalygam tapmarsyň. Şonuň üçin biziň hemmämiz ak sözene hormat bilen garaýas.

Obamyzyň teşnesini gandyrýan guýymyzyň süňňi ak sözen bilen örtülen. Ho-ol aňyrdan akjaryp görünýän utunam, birsyhly aýlanyp duran çarham, hat-da çarhyň içinden geçýän basranam ak sözenden. Onsoň sen ony neneň sylamajak.

Ak sözen bilen bagly başga-başgada kän zatlar bar. Gülsün eje bäbejigiň kellesini goýup ýatýan sallançagyňam sallançak agajyny ak sözenden edýär. Garaja öýüň bosagasam ak sözenden. Aý, garaz obamyzyň ösüp-örňeýän bäbejikleriniň hemmesem sallançagyň üstünde örleýär.  Hatda Tolpy ussa gara ýeriň ýedi gat satyndaky süýji suwunyň bardygyny ak sözen bilen aňlaýar. Oň aýtmagyna görä, ak sözeniň köki on iki gulaja dagy ýetýär. Onsoň daşlyrak golda bäş-alty sany sözen agajy oturan bolsa, şo ýeri gazsaň süýji suwuň üstünden bararsyň diýýä.

Tolpy ussa henize çenli ýalňyşanok. Ýalňyşmaýanynyň sebäbi ol obamyzda janly tebigatyň diline düşýän ýeke-täk adam. Eger sen sähralarda ýaşajak bolsaň eneň öwredýwn dilinden soň sähralaryň dilini öwrenmeli. Henize çenli ony okap aňyrsyna çykan ýok. Sebäp ol – janly tebigatyň dili. Ýöne seň üşügiň atyň üşügi ýaly bolmaly.

Gülsün eje hernä namaza duran wagty ýüzüni Kybla tarap öwürýär. Meniň aýtjak bolýan zadym bi gadyr agajynyňam ynsan häsiýeti bilen birmeňzeşligi. Sebäp niçeme ýyllardan soň sözen agajynyň ömri paýawlanda olam Kybla tarap egilýär. Ýogsam Kybla tarap egiljek bolsa gandym, çerkez, sazak ýaly başga agaçlaram sährada gyt däl. Olar öz islän ýerlerine gyşarýarlar. Sözen agajy bolsa arkasyny namazarka öwrüp, ýüzüni Kyblaýy äleme bakdyrýar – edil namaza duran adam ýaly.

Maňa sözen agajynyň ýaraýanlygy onuň öserini asmana – Alla tarap gönükdirýänligi. Ýene bir gowy görýän zadym beýleki agaçlar öz göwresinden pyntyk ýaryp çykan şahalaryny orta ýolda taşlaýar. A sözen agajy bolsa şahalaryny – perzentlerini asmana özi bilen bile alyp gidýär. Bardy-geldi bir sebäp bilen oňa ot düşäýse, tä hemme ýeri ýanyp gutarýança mert ärler ýaly dim-dik durýa.

Sözen agajynyň ýene bir täsinligi – ol hiç-haçan çat açmaýar. Şonuň ýalam onuň süňňüne çüý çüýläp bolmaýar.

Men ýene bir zady aýtmakçy. Olam sözen agajynyň haýyrlylygy barada.

Ilkinji gumly heniz sähra oýunlary bilen doly öwrenişmänkä ýowuz tebigat oňa göz görkezýän ýaly şeýlebir asmandan boran ýagýar, hamala bujagy çözülen ýalymyşyn. Ol bir gün däl, iki gün däl, uzak wagtlap ýagýar. Nowruz ýagyşy ýaly bu ýagan ýapa ýagyş dünýäni suw-sil edýär. Onsoň şu ýerde ilkinji gumlynyň öň görmedik, hat-da eşitmedik zady ýüze çykýar. Gorpuň gyrasynda ömrüni paýawlap geçiren äpet sözen agajy Kybla tarap egilýär-de, başyny gorpuň aňry ujuna ýaplaýar. Görseň ol kimdir biri eli bilen eden ýaly täsin köpri bolup duruberýär. Onsoň ilkinji gumly şeýle pikir edýär: “Ol heniz juwan wagt-a il-gün onuň kölegesinden peýdalanýa, haýwanlaram – gülünden”.

Ir döwürler Ýerbent ýaýlasyndan Käbä gidýän adamlara şeýle sargyt eder ekenler: “Kyblaýy-Käbe aýak ýeterden gaty uzakdyr. Şonuň üçin  sen ýalňyşmazyň ýaly bir-ä ýyldyzlara seretgin, haçan-da Akmaýanyň ýoly çarwalaryň bilguşagy ýaly süýnende, Kybla tarap süýnändir. Birem guran sözen agajyna seretgin. Olam Kybla tarap egilýändir. Bi seniň uzak ýoluňa çelgi bolar”.

Onsoň kerwen Ýerbent ýaýlasyndan ugraýar. Soňam Kerbelanyň çölünden sagaman geçensoň ýalňyşman Käbäni tapýar.

Sözen agajy barada ýene-de näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Ýene mukaddes zatlaryň köpüsi sözen agajy bilen bagly. Gyzlar ikiýüzli başdaraklaryny sözen agajyndan ýasadýarlar. Hatda obamyzyň ulygyzlary kimdir birine göwün berip, äht-peýman edende-de ýene sözen agajyna sygynýar. Gyz obamyzyň ilersindäki sözen agajynyň ygynda durup ýuwaşja pyşyrdap şeýle diýýär: “Ölsem-ä – ýeriňki, ölmese – seňki. Sözüme ak sözen şaýat bolsun”.

Pygamber ýaşyna ýetenleriňem golundaky hümmet hasasy sözen agajyndan edilýär.

Ak sözeniň güllän wagty ony görmäge göz gerek. Ol edil dulda oturan ulugyz ýaly sülmüreýändir welin, wasp etmäge söz tapmarsyň. Onsoň görseň onuň gülleri üýtgeşikdir. Onuň özüniň täsin bolşy ýaly güllerem täsin. Hiçbir agaçda bolmaýan owadan gök gül sähralarda başga ýok. Megerem dessanlardaky waspy ýetirilýän elwan gül diýilýän gülem sözen agajynyň güli bolmaly. Onsoň güller dänelär. Soňam heniz kürteden çykmadyk gelniň sülük barmaklary ýaly şelpe emele geler. Şelpeler bir görseň gum gögerçininiň ganaty ýalydyr. Bir seretseňem hälki agzan sülük barmaklarymyza.

Ynha indi bir zady pikir etmeli. Adamyň ömri iki sallançak arasy. Ol dogand-a sallançak agajy, gidende-de başujynda sözen agajy goýulýar.

***

Men şu gün ak sözeniň bitýän ýerine tarap ugradym. Meni begendiren zat Üpük gojanyň gapysynda sözen agajynyň entegem öz mähriban dilinde gepleýänligi.  Obamyzyň ortasyndaky örümli guýymyzyň henizem düýbüne Gün düşmese-de onuň il-günüň teşneligini gandyrýanlygy.

Men daňa çenli çirim etmän geçirdim. Sähralar hemişeki bolşy ýaly öz heňini çalýar. Ho-ol aňyrdaky ak sözeniň üsti bolsa guşlaryň jagyl-jugulyndan doly. Men özümi biygtyýar şolara tarap ýöneldim. Haçan-da golaýlaberemde selin tümmekleriniň aňyrsynda iki sany gara kelle göründi.

– Daýy, guşlary ürküzäýme, öňem biz olary zordan gondurdyk.

Men ýaşlygymyň sesini eşiden ýaly boldum.

                                                                           Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)