ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Onuň eserleriniň adyny okanyňda dogduk mekanyndaky daglaryň keşbi göz öňüňe gelýär. Ýekeje gezek Magtymguly etrabyna ýolum düşdi.  Ol ýerleriň daglaryny görüp haýran galdym. Hudožnik Annadurdy Almämmedowyň dag temasyndan ýazan kartinalaryny synlap barýan ýalydym. Halypalar oňa «Dag aýdymçysy» diýip baha berýärler. Diýmez ýaly däl.

2014-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Pyragyny gören daglar» atly guralan şahsy sergisini synlapdym. Şonda Annadurdy aga bilen gürrüňdeş bolduk. Onuň: «Şunuň ýaly giň göwrümli sergimiň uly dabara bilen guralandygyna begenjimiň çägi ýok. Dostum bu sergimi gören bolsa, gör, nähili begenerdi» diýip,  gözüni ýaşlap kärdeşi Durdy Baýramowy ýatlady. Şol pursat  Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramowyň: «Annadurdy bilen biz has ir tanşyp, dostlaşypdyk. Meniň önüp-ösen ýerimde, Gyzylarbadyň çagalar öýünde terbiýelenýänleriň ýanyna ýygy-ýygydan gelýän myhmanlar şäher oglanlarydy. Olaryň hatarynda Annadurdam  bardy. Biz bileje futbol oýnardyk. Surat çekmegi örän gowy görerdik. Elbetde, şol wagtlar durmuşda nakgaşçylygyň biz üçin esasy iş boljakdygyny çak etmändik… Şondan bäri täleý bizi biri-birimizden uzak wagtlyk jyda düşürmeýär. Okuw ýyllarynda-da, özbaşdak döredijilik ýoluna düşenimizde-de biz mydama gatnaşyp, respublika bile aýlanýarys, ýanaşyk işleýäris» diýen ýatlamasyny okanym ýadyma düşdi. Öz ýanymdan: «Durdy aga ýogalaýdymyka?» diýip içimi gepletdim. Soň bu barada gyzyklanyp anykladym. Eşitmändirin. Durdy Baýramow 2014-nji ýylyň 14-nji fewralynda dünýeden gaýdan eken. Annadurdy aganyň sergisem iki-üç aý soň ýanynda guralypdy.

Arada teatra baranymda artist ýigitleriň biri Tahyr Mämmedow:

— Gelneje, näme üçin ýaşuly hudožnigimiz hakynda ýazaňyzok? Ol ömrüniň 70 ýyla golaýyny sungata bagyşlap, ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiren halypa. Annadurdy  mugallym ajaýyp eserleri bilen sungatyň taryhyna giren hudožnik. Nesip bolsa, 2027-nji ýylda togsan ýaşaýar. Şu mahal Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda onuň şägirtleri bilen bilelikde sergisi guraldy, bardyňyzmy? Onuň döredijiligi bilen bagly «Mekdebe öwrülen ömür» atly gowy kitap çykarylypdyr — diýdi.

Dogrusy, şol sergi barada başga-da aýdanlar boldy, saglyk ýagdaýym sebäpli baryp bilmedim, ýöne öň «irde-giçde ýazaryn» diýen pikir bilen «Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty» muzeýiniň bölüm müdiri Mähri Atdaýewadan «Annadurdy Almämmedowyň döredijiligi» atly muzeý üçin toplan ylmy maglumatlarynyň elektron ýazgysyny alypdym. Öýe gelemsoň, ussat hudožnigiň terjimehaly bilen gaýtadan tanyşdym.

Annadurdy Almämmedow 1937-nji ýylyň iýun aýynyň 24-ine Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Bendesen obasynda doglan. Ol 1954-1959-njy ýyllar aralygynda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde okaýar. 1965-1981-nji ýyllar aralygynda şol ýerde  mugallym bolup, mugallymçylyk käri bilen utgaşyklykda 1965-1973-nji ýyllar aralygynda paýtagtymyzdaky öňki Ýaş tomaşaçylar teatrynda baş hudožnik bolup işleýär. 1966-njy ýylda döwlet we halkara döredijilik sergilerine gatnaşyp başlaýar. 1969-njy ýylda  Bütinsoýuz teatr festiwalyna gatnaşýar. 1975-nji ýylda Alžirde geçirilen Bütinsoýuz ýarmarkasynda türkmen pawilýonyny bezeýär. 1985-nji ýylda Owganystanyň Kabul şäherinde, 1988-nji ýylda Moskwada şahsy sergisi guralýar. 2002-nji ýylda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen türkmen suratkeşleriniň toparynyň sergisine gatnaşýar. Şeýle hem onuň şahsy sergileri paýtagtymyzda yzygider guralýar. Onuň eserleri Russiýada, ABŞ-da, Kanadada we galereýalarda saklanýar. Annadurdy Almämmedow 1979-1983-nji ýyllar aralygynda «Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty» muzeýiniň direktory wezipesinde işleýär. Ol 1984-nji ýylda Türkmenistanyň Hudožnikler birleşiginiň sekretarlygyna saýlanýar. Halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin oňa 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly atlar dakylýar. 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen we dürli ýyllarda hormat hatlaryň ençemesi bilen sylaglanýar.

Onuň terjimehalynda owgan temasyndan döreden işleri hakynda ýazylan maglumatlar bada-bat ünsümi çekdi. Şonuň üçin Annadurdy Almämmedow barada dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda ýazylan makalalary okadym. Käbir makalalardan bölekleri göçürip aldym. Ynha, şu parça žurnalist, sungaty öwreniji Tirkeş Ataýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1998-nji ýylyň 13-nji fewral sanynda çap bolan «Syr saklaýan şekiller» atly makalasyndan:

«…Annadurdy Almämmedowyň eserleri durmuşyň diňe bir tarapyny, ýagty tarapyny teswirleýänlerden däl. Durgunlyk ýyllarynda sergide goýmasa-da durmuş hakykatyny görkezýän kartinalary döretdi. Bir gezek ussahanasyna baranymda aňyrsyny bakdyryp goýan kartinasyny bärsine öwürdi-de:

— Durmuşyň ýowuz taraplaryny görkezýän kartinalarym hem ýok däl. Ine, şuňa seret…— diýdi. Onuň bu kartinasy owgan temasyna bagyşlanan eken. Ol şol galagoply döwürde owgan topragynda bolup, bu ýurt, bu ýurduň adamlary barada kartinalary döredipdi. Soňra owgan temasyndan döreden kartinalarynyň ýörite hasabat sergisini gurady. Ol sergide goýlan kartinalara beletdim. Olaryň arasynda bu kartina ýokdy. Bu kartinada bir adamyň goýberen hatasy bilen halkyň başyndan inen agyr tragediýa juda täsirli teswirlenipdir. Asuda oturan owgan topragyna esgerleriň tankly, maşynly süýşüp giden jülgesinden yzyna garşy gara gurşun ýaly agyr tabytlar süýşüp akyp gelýär. Ogullarynyň tabydyny garşylaýan eneleriň nalasy, göýä gara jülgäniň agyr, mizemez gaýalaryny sarsdyryp eňredýän ýalydy… «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly bu kartinany söz bilen beýan etmek mümkin dal. Ony gözüň bilen görüp, duýup, syzmak gerek. Men şu setirleri ýazanymdan soňra kitap tekjämden Annadurdy Almämmedowyň 1989-njy ýylda Moskwada çykan  sergi katalogyny gözden geçirdim. Katalogda onuň şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça döreden kartinalaryndan naýbaşy, şowly çykanlaryny ýerleşdiripdirler. Şolaryň içinde owgan temasyndan döreden kartinalaryna uly orun berlipdir. Suratkeşiň bu katalogda owgan temasyna şeýle orun bermeginiň ýöne ýerden däldigine göz ýetirdim. Katalogda owgan zenanynyň, owgan esgerleriniň portreti bilen dagyň goýnunda baýyrlara, depeleriň ýüzüne dyrmaşyp gidýän özboluşly arhitekturaly owgan obasynyň şekilleri ýerleşdirilipdir. «Owgan zenanynyň portreti» atly kartinasyny synladym. Bu portret kartinany näçe synlasam, ol portret barada ýazmaly sözlemlerim, jümlelerim şonça agyrlaşýar, şonça köpelýär. Munuňam sebäbi ol bir portretde millionlarça enäniň obrazyny jemläpdir. Şonuň üçin müňlerçe ýowuz ykbally enäniň, zenanyň bütewi obrazyny özünde jemleýän bu portret kartina barada bir sözlemde öz pikiriňi aýtmaly bolsa, şuny aýtmak mümkin. Kyrk ýaşyna ýetmänkä, maňlaýy gasyn-gasyn bolan owgan zenanynyň nazary «Şeýle hatalara ýol bermäň!» diýip, bütin adamzada bakýar… Bu gussaly gözleri synlan her bir adam dünýäniň ýüzünde bir katra nähak gan ýere dökülse, şoňa ýol berenligi üçin özüni ýazykly duýmaly. Ine, şeýle ynsanperwer, mukaddes ideýany çeper teswirlemek her bir suratkeşiň borjy. Ýöne bu borjy edebiýatda, sungatda duýga täsir edip biljek derejede çeper teswirlemek aňsat däl. Çünki, baş we baky watançylyk temadan döredilen nusga alarlyk naýbaşy eserler juda kän. Şeýle-de bolsa Annadurdy Almämmedow bu baky temanyň çeper çözgüdini tapyp, abraý bilen hötdesinden gelipdir. Şu temadan döredilen portret işleri iň naýbaşy eserleriň hatarynda türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyna we altyn fonduna girdi».

Makalalary okap oturşyma birden Annadurdy Almämmedowyň şägirdi hakynda: «Öwezmuhammet Mämmetnurow döredijiliginiň erkin ýazylyş usuly, türkmene mahsus milli häsiýetleri bilen tapawutlanýan köp ugurly suratkeş. Ol teatr suratkeşi, görnükli nakgaş, professional dizaýner hem-de ussat guramaçy» diýip, baha bereni hakydama geldi. Öwez aganyň halypasy hakynda aýtjak gürrüňleri gyzyklandyrdy. Onsoň Türkmenistanyň halk hudožnigi  Öwezmuhammet Mämmetnurowa jaň aýlap halypasy bilen bagly ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:

— Aslynda men çagalykdan «hudožnik boljak» diýip arzuw eden adam däl. Men ýurdumyzyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda doglan. Obamyzdaky orta mekdepde 9-njy klasy gutaryp, paýtagtda ýaşaýan garyndaşymyzyň öýüne myhmançylyga gaýtdym. Agam şo mahallar Magtymguly adyndaky öňki opera we balet teatrynda  sahna bezeýji bolup işleýärdi. Agamyň ýany bilen teatra gatnamagym, onuň alyp barýan işlerine bolan höwes döretdi. Onsoň agama: «Meniňem teatrda işläsim gelýär, ýöne kakam meni şähere goýberesi gelenok, obada traktor sürmegimi isleýär» diýip ýagdaýymy aýtdym. «Alada etme, kakaňa özüm düşündirerin» diýip, agam meni teatryň «Butafor» sehine işe ýerleşdirdi. Şol ýerde Larisa Sawelýewa diýen zenan maşgala bir daýaw garaýagyz adamy alyp geldi-de: «Şu ýigidi işe alsak gerek bolarmy?» diýip oňa maslahat saldy. «Hökman gerek, bular ýaly ýaşlary işe ugrukdyryp ösdürmeli»  diýdi-de, soňra ol meniň bilen gürrüňdeş boldy. «Bir ýerde okadyňmy?» diýip sorady. O mahal entek okan ýerim ýokdy. «Onda şu ýyl hökman okuwa gir» diýdi. Şeýlelik bilen şol ýyl Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girdim. Dört ýyl okadym. Birinji kurslarymda başga mugallymlar okatdy. Iň soňky kursumda-da  Annadurdy Almämmedowyň elinde okadym. O mahallar ol öýlenmedikdi. Talyplar syrkawlap ýaramadyk wagtlary derman-därisine, iýmek-içmegine seredip, ata ornunda durup howandarlyk ederdi. Surat çekmek üçin material tarapdan kömek gerek bolardy. Kraska, çotka kagyz, galam, garaz, ählisini özüň satyn almaly. Oba ýerlerinden gelen talyplaryň köpüsiniň o zatlary satyn almaga ýagdaýy ýokdy. Annadurdy mugallymyň özi kömek bererdi.

 

Onuň tebigata çykyp açyk meýdanda eser döretmek endigi bar. Talyplary ýany bilen äkidip olarda şol endigini terbiýeledi. Annadurdy mugallym Türkmenistanda teatr sungaty boýunça özi bir şol döwürde rewolýusiýa döreden adam. Sebäbi ol öňki akademiki sistemany aýryp täze bir sistema salyp bilen adam. Ol işi etmek üçin gaýrat gerek. Biz o mahal o zatlara düşünemizokdyk, ýöne şoň teatrda goýulýan oýunlardaky işleri birhili üýtgeşik görünýärdi. Özem şo mahallar ol çeperçilik uçilişedäki mugallymçylyk işi bilen utgaşykly teatrda-da işleýärdi. Onuň talyplary okadyşynyň aýratynlygy bar. Beýleki mugallymlar ýaly gapdalyňda dik durup: «eýt-beýt» diýip öwretmezdi.Ýanymyzda oturyp bile işleýärdi. Aýratynlygy şol. Ol isle nakgaşçylyk bolsun, žiwopis ýa-da kompozisiýa bolsun, tapawudy ýok pýessa bolsun alyp öz pikirini çözgüdini tapyp eskizini taýýarlaýardy. Bizem onuň işleýşini görüp, «şuň ýaly edip işlemel-ow» diýip öwrenýärdik. Öz işini edýärkä öwredip bilýärdi. Zehiniň, yhlasyň bolup geljekde senden bir zatlar çykjagyny bilse goldaýardy, ýöne gazaply talapkärdi. Şonuň üçin onuň elinde okap gutardan talyplary ýokary baha bilen okadylar. 1975-nji ýylda Ukrainanyň Harkow şäherinde ýerleşýän Çeperçilik-senagat institutynyň dizaýn bölüminiň talyby boldum. 1980-nji ýylda-da okuwymy tamamlap, ýurdumyza dolanyp geldim. Kän wagt görüşmändik.Ýokary bilim alanyňda näme, entek özbaşdak işlär ýaly mümkinçiligiň ýok, ýaş işgär bolaňsoň, saňa iş tabşyryp duranam ýok. Emma Annadurdy mugallym: « Gelen bolsaň, ynha, açar. Bar ussahana, şo ýerde oturyp işle» diýip ussahanasynyň açaryny elime berip, işlemäge, döretmäge şert döretdi. Ýarly Baýramow diýen güýçli hudožnik bilen bile  işleýärdi. Ol Annadurdy mugallymdanam beter talapkärdi. Şeýdip men iki ýumrugyň arasynda taplandym. 1982-nji ýylda  Annadurdy mugallym: «Indi biz sahnada özümiz işläli. Şekspir bilen Werdiniň  «Makbet» diýen eseriniň çözgüdini tapyp berjek, senem gidip opera we balet teatrynda sahnada etmeli işlerini ýerine ýetirersiň» diýdi. Ol ýerde kostýumlaram bar hemme detallaram bar. Ählisini alyp çykmaly. Georgiý Baryşow diýen gowy  režissýor bilen işleşip, tabşyrylan işi alyp çykdyk. Şondan soň ýurdumyzyň häzirki Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Durdy Öräýew diýen baş režissýor bardy. Ol: «Annadurdy aga, şu ýigit bilen gelip biziň teatrymyzda-da bileje oýun goýalyň» diýdi. Şeýlelik bilen tatar ýazyjysynyň eserine «Aýgülüstan» atly oýun goýduk.

Annadurdy mugallym 1959-1965-nji ýyllarda Daşkendiň A.N. Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutynda bilim alan halypa. Isak Ýakowlewiç Waldenberg, Wladimir Aleksandrowiç Ryftin, Rahym Ahmedow ýaly ussat halypalardan tälim alan. Şägirdi hökmünde Annadurdy mugallymdan kän zatlar öwrendim. Häzirki günlerde-de men oňa «mugallym!» diýip ýüzlenýän. Ömri uzak, jany sag bolsun! — diýip gürrüň berdi.

Annadurdy aganyň döredijiligi bilen bagly arhiw ýazgylar örän kän. Olaryň arasynda onuň öz ýatlamalaram bar: «Çagalykdan barmagym bilen çägäniň ýüzüne, haýatlaryň gapdalyna hat-da otda ýanan kesewini alyp daşlaryň ýüzüne surat çekerdim. Töweregimde görýän zatlarymyň ählisi gyzyklydy, täsindi. Guşlaryň, haýwanlaryň şekillerini has-da köp çekerdim. Men uruş döwrüniň çagasy. Ýaşlygymda kakam ýogaldy. Biz üç oglan, iki gyz dogan. Maşgalamyzyň eklenç ýüki ejemiň gerdenine düşdi. Doganym bilen oglanlykdan mal yzynda gezdik. Uruşdan soňam az güzap görmedik. Ýöne durmuşda gabat gelýän kynçylyklary her suratkeş özüçe beýan edýär. Eger meniň kartinalamda ýagty, mylaýym reňkleri, gözellikleri görýän bolsaňyz adamlary ynsanperwerlige çagyrdygymdyr…».

Ol ýene bir ýatlamasynda: «…Guseýin Muhtarow köplenç ussahanama gelerdi. Spektakla öz gözi, öz duýgusy bilen garaýşy hakda gürrüň bererdi. Eskiz çekemde onuň gymmatly maslahatlaryndan kän peýdalanýardym. Meniň döredijiligim halk sungatynyň hem-de Türkmenistanyň nakgaşçylygyny esaslandyryjylaryň sungatynyň baý mirasynyň güýji bilen baglanyşyklydyr we ondan ylham alýandyr» diýýär.

«Dünýäniň şeýle ajaýyp, jennetiň bir künjegi ýaly ýerinde doglup, meniň suratkeş bolmazlygym mümkin däl ahyry» diýýän ussat suratkeş ýaşlygynda halypalar Pýotr Kondratýewiç Ýerşowyň, Leonid Aleksandrowiç Şpagyň, Aman Kulyýewiň, Muzafar Mämmedowiç Daneşwaryň, Pawel Wasilýewiç Popowyň ýolbaşçylygynda sapaklaryna taýýarlanyp, kem-kemden kämilleşýär. Ýaş suratkeşiň döredijilik ýolunda duýgur halypa, ajaýyp teatr suratkeşi Pýotr Kondratýewiç Ýerşowyň ussatlyk mekdebiniň aýratyn orny bar. Ol ýaşlygyndan nakgaşçylyk bilen bir hatarda edebiýat, taryh, filosofiýa bilen meşgullanýar, döredijilik sergilerini, teatrlarda goýulýan sahna oýunlaryny görmäge ýygy-ýygydan barýar. Almämmedow halypasy bilen köp wagtyny esasanam teatrlarda geçirýär. Ol ilkinji gezek Tirkiş Jumageldiýewiň «Gelin» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektaklyň sahna bezeginiň eskizini ýerine ýetirýär. Şol ýyllarda Almämmedow üçin ilkinji ähmiýetli iş onuň diplom işi bolýar. Ol Guseýn Muhtarowyň «Ajaýyp tebip» pýessasy esasynda sahnalaşdyrylan oýnuň dekorasiýanyň eskizlerini döredýär. Onuň döredijiliginiň kämilleşmeginde talyplyk ýyllary aýratyn orny eýeleýär. Wilýam Şekspiriň «Makbet», Gans Hristian Anderseniň «Gar korol aýaly», Aleksandr Afinogenowyň «Maşajyk», Aleksandr Ostrowskiniň «Tupan», Karl Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri», Fridrih Şilleriň «Garakçylar«, Wsewolod Wişnewskiniň «Optimistik tragediýa», Petr Çaýkowskiniň «Ýewgeniý Onegin», Bazar Amanowyň «Keýmir kör» spektakllarynyň dekorasiýalary üçin Annadurdy Almämmedowyň döreden okuw eskizleri şaýatlyk edýär. 1960-njy ýyllaryň ortalaryndan 1970-nji ýyllar aralygynda suratkeş teatr-dekorasiýa sungatynda ýokary döredijilik üstünliklerini gazanýar. Onuň batyrgaý, täzeçil işleri Türkmenistanyň teatr-dekoratiw sungatyna täzelik bolup girýär. Olaryň arasynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» romany boýunça sahnalaşdyrylan spektakl üçin   taýýarlan dekorasiýasy has görnükli orny eýeleýär. Bu eseri oňa uly meşhurlyk getirýär. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Rahym Esenowyň, Annaberdi Agabaýewiň we Durdy Öräýewiň «Ok» pýessasy boýunça goýlan spektaklyň dekorasiýasy üçin ol 1968-nji ýylda şol döwrüň «Lelin komsomoly baýragynyň laureaty» diýen ýaşlar baýragyna mynasyp bolýar. Annadurdy aganyň Garagum derýasy  hakyndaky «Çöldäki jöwza» atly drama sahnasyna döreden eskizleri has-da özboluşly. Suratkeş bu işinde halklaryň dostlugy, agzybirligi baradaky taglymaty esas edip alypdyr. Ol nakgaşçylyga sahna hereketinden üzňe garamaýar, şeýle-de şekillendiriş we teatral derejeleri bölmeýär. Onuň üçin dramaturgiýa materialyny we spektaklyň umumy mazmunyny teswirlemek — bu spektaklyň nakgaşçylyk çözgüdi üçin «açardyr». Onuň reňkleriň hili, olaryň arabaglanyşyklary, adama ýetirýän täsiri, ähmiýeti baradaky çuňňur bilimleri hem-de düşünjesi spektaklyň nakgaşçylygyny döretmekde hem-de onuň režissýor, aktýor şeýle-de tomaşaçylar tarapyndan kabul edilmeginde we düşünilmeginde wajyp orny eýeleýär. Belli türkmen ssenografy Berdiguly Amansähedow: «Asla, Annadurdynyň sahna eserlerine az serişde (sahna serişdeleri hakda gürrüň gidýär) bilen köp pikirlilik, obrazlylyk mahsus» diýip baha berýär.  Annadurdy Almämmedow wakanyň bolup geçýän ýerini takyklamakdan gaça durup, sahna giňişliginiň umumylaşdyrmasyny gözleýär. Taslamalaryň köp görnüşliligi, reňk sazlaşygynyň labyzlylygy sahna hereketiniň mazmunynyň aňyrsyndaky içki pikirlenmä aýratyn üns bermäge, täsirli keşbe — göçme manylylyga eýe bolmaga kömek berýär. Suratkeş daşky gurşawyň pýessalaryň many-mazmunyna gabat gelýän alamatlarynyň göwrümleýin ritmiki gurluşyny tapmaga ymtylýar. Onuň dekorasiýalarynyň täsirli gurluşy äheňlere baý. Ol: «Haýsy sungat eseri bolsa hem olar biri-birine meňzemeli däl. Olaryň çözgüdini tapmaly, gözlegde bolmaly. Mynasyp çözgüdi tapýançaň eseri ürç edip okamaly. Teatr sungaty sazlaşykly işlemegi talap edýär. Artistleriň tutýan orny hem uludyr. Režissýoryň çözgüdi suratkeşiň çözgüdi bilen gabat gelmeli. Şonda gaýtalap bolmajak sungat emele gelýär» diýip belleýär.

Annadurdy Almämmedowyň baý döredijilik dünýäsi bar. Özem belent adamkärçilikli ýaşuly. Öňräk kärdeşimiz Atamyrat Şagulyýew: «1997-nji ýylda Annadurdy Almämmedow bilen tele gepleşik taýýarladyk. Gepleşik ýaýlyma gidensoň, ol meni ussahanasyna çagyrdy. Gepleşigiň göwnüne ýarandygyny aýdyp, dag temasyndan döreden kartinasyny sowgat berdi. Şol kartina häzirem öýmüzde dur. Arada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sungatyň dürli ugurlary boýunça bäsleşik yglan edildi. Şonda maňa-da sowgat berdiler. Sowgat gowşurylyş dabarasyna baranymda Annadurdy aga-da bar eken. Ol bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp boldy. Gutladyk hemem biraz gürrüňdeş bolduk. Ýaşulynyň şol mähribanlygy. Adamkärçiliginiň özi her zada degýär» diýip gürrüň berdi.

Umuman, ol hakynda aýdara gürrüň kän. Ol durmuş hem zähmet ýolunda baý tejribe toplan halypa. Ýaşuly hudožnik häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara bilim-terbiýe berýär. Kä wagt ol ýolda-yzda gabat gelýär. Uly hormat bilen hal-ahwal soraşýas. Aýdyşlary ýaly mähriban, süýji sözli ýaşuly. Kimdigiňi sorap tanyşjak bolmaz. «Wah, size döneýin» diýip, mähir bilen salamlaşýar. Onuň mähir-söýgüden doly ýüreginiň ýylysy edil ajaýyp eserleri ýaly duýgulandyrýar. Şol pursat şeýle mähriban, giň düşünjeli, öte sowatly, köptaraply zehinli hudožnik bilen watandaşdygyňa buýsanýaň, ýöne ol haýaljak ýöräp deňiňden geçensoň welin, gojalan keşbini synlap oýa batyp duranyňy duýman galýaň. Öz ýanyňdan uzak ömür, jan saglyk arzuwlap, onuň şeýle abraý mertebesini ýüze sylýarsyň.

Akgül Saparowa.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa

Atajan Annaberdiýew: hakydadan çykmajak halypa

Tokar Tugurow:reňklerden owaz eşiden hudožnik

Ata Watan Eserleri

Şöhrat Myratgulyýew: küşdi Kasparow bilen oýnasym gelýärdi

Ata Watan Eserleri

Hemra Ýusubow: manyly ömrüň ýatlamalary

Babamyrat Hamdamow: ýurt Garaşsyzlygymyzyň buşlukçysy

Ata Watan Eserleri