Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy.
Milli Liderimiziň täze eseri Garaşsyz Türkmenistanyň şanly taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Aýdylyşy ýaly, geçmiş häzirki döwre, şu günki günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly düşünmäge hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz ömür ýoluna baha bermäge hut şu nukdaýnazardan çemeleşip, eseri türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy bilen sazlaşykda, milli aň-düşünjäniň ösüşi boýunça beýan edýär.
Täze eserde nesil terbiýesi bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar bar. Onda ýaşlaryň hünär ýoluny saýlamagynda arzuw-islegiň, tutanýerliligiň zerurdygy, göwün söýen işiň bilen meşgullanmak, şol iş boýunça hünär almak, kämillige ýetmek barada nygtalýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen täze eser Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza hyzmat etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň täze eseriniň gymmatyny, ähmiýetini artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserler halkymyzyň iň söýüp okaýan, aýawly saklaýan gymmatlygyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamlylygyny alamatlandyryp, ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde örän ähmiýetlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gülläp ösüşini, gazanýan belent netijelerini beýan edýän täze kitapda ata Watanymyza söýgi, röwşen geljegimize bolan mizemez ynam jemlenýär.
Täze eserde nesil terbiýesi bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar bar. Gahryman Arkadagymyz: «Ata-babalarynyň ýörelgelerine ygrarly bolmak, olary baýlaşdyrmak, geljek nesillere ýetirmek her bir halkyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir» diýip nygtaýar. Kitapda bellenilişi ýaly, her bir halk arassa ahlakly nesli ýetişdirmek bilen, öz geljegini gurýar. Şonuň üçin bu meselede, ilkinji nobatda, ata-enelerdir terbiýeçileriň, mugallymlaryň öňünde uly borç we wezipe durýar. Täze eseriň taryhyň dowamynda şöhratly pederlerimiziň döreden we döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny şertlendiren kitap bolmak bilen, onuň many-mazmun babatdaky aýratyn ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlar jemlenendir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda nesil terbiýesi hakynda hem, halkymyzyň şöhratly taryhy hakynda hem, beýik döwrümiziň ösüşleri hakynda hem giňişleýin beýan edilýär. Türkmen halkynyň nakyllary hakynda aýdylanda bolsa, bu parasatly sözler çuňňur mazmun bilen düşündirilýär: «Ýaşaýşyň şeýle kämil nusgasyny döreden halkymyz: «Okan il ozar, okamadyk il tozar» diýipdir. Ýene-de: «Ylym — akylyň ýarysy» diýipdir. Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri. Bu gün uly kärhanalardan, zawoddyr fabriklerden başlap, ekerançylyga, maldarçylyga çenli — bularyň ählisine häzirki döwrüň ylym-bilimi aralaşýar, zamananyň dürli tehnologik oýlap tapyşlary, enjamlary we tehnikalary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşýar».
USAID Türkmenistanda galyndylary kämil dolandyrmakda goldaw berýär
