SIZDEN GELENLER

Ajaýyp Aşgabadyñ buýsançly we beýik ykbaly

Türkmenistanyñ milli medeniýet ,,Miras“ merkezi tarapyndan neşir edilen belli alym, halypamyz  Öwez Gündogdyýewiñ „Aşgabat- keramatly Ärsagyñ şäheri“ atly tutumly işi-de ýagşy zatlaryñ, ajaýyp gymmatlyklaryñ biri hökmünde türkmen okyjysyna pikrindedir.

Aşgabadyñ taryhynyñ iň gadymy sahypalaryny açyp görkezende Öwez Gündogdyýew Jeýtun medeniýetine, ak bugdaýyñ taryhyna ýüzlenýär. Dogrudan-da, adamzat ösüşinde möhüm pursatlary aňladýan Jeýtun medeniýetine, оnuň guwanjy ak bugdaýa haýsydyr bir obanyñ gazanan netijesi hökmünde garamak bolar. Bu faktlar uzak taryhy ösüşiñ, onda-da örän ýokary guramaçylyga daýanýan we başarnykly dolandyrylýan bitewi jemgyýetiň çäklerinde kemala gelip biler. Keramatly Ärsagyn zamanasynyñ teswiri has-da baý delillere daýanýar. Öwez Gündogdyýew beýik Watanymyzyñ häzirki zaman ilatynyň parfiýanlaryñ gönüden-göni mirasdüşerleridigini diýseň ynandyryjy subut edýär. Şu maksat bilen taryhy we arheologik deliller bilen bir hatarda örän ýerlikli lingiwistik derñew ulanylýar. Dogrymyzdan gelsek, ,,pälwan“ sözüniñ etimologiýasynyü ,,parfiýan“ sözüne daýanýandygyny geň galyp okadyk we ata-babalaryma guwanjym we buýsanjym artdy.

Türkmenleriñ ata-babalary hasaplanýan köp sanly taýpalaryñ arasynda Ö.Gündogdyýew saklary, dahlary (daýlary) ýatlaýar. Olaryñ atlary bilen baglanyşykly söz düzümleriniň käbirini ýatlamakçy. Biziñ ene dilimizde ,,sak“ sözi bar. Ol hüşgärligi, öz işine jürligi aňladýar. Belki-de ,,sak“ sözi gadymy saklaryň häsiýet we başarnyk aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ulanylyşa girizilendir.

Dahlar barada-da käbir çaklamalary öñe sürmek mümkin. Halkymyzyñ söýgüli gahrymany Görogly bu sözi söweş çakylygy hökmünde köp ulanýar. Üns bereliñ; „Serwijan“ şahasynda Görogly ýigitleri söweşe çagyryp:

-„Däh“ diýende atguýrugy işeliñ,

Bady-saba ýel dek bolup süýşeliñ.. diýýär.

„Öwez öýlenen“ şahasynda:

Astynda aty bar semender kimin,

Däh diýse, dar köçe boldy ýol kimin   

Ýa-da ,,Kempirde“: 

-„Däh diýende, alma:, gylyç bar bolsa,

Destinde Muhammet, Aly gerekdir- diýse,

,,Harmandäli“ şahasynda:

 “Däh“ diýemde, on bäş menül urujy…- diýýär.

Ýatlanan pursatlaryñ ählisinde-de Görogly ,,däh“ sözüni söweşjeñ şygar mazmunynda ulanýar. Gündogar, musulman halklarynyñ köpüsinde söweşe girişmezden ozal Hudaý we pygamber bilen bir hatarda geçen beýik adamlaryñ, batyrlaryň, ata-babalarymyzyñ adyny tutmak we olaryñ ruhlaryny kömege çagyrmak däbi bar. Bu türkmenlerde-de şeýle. ,,Ýa Ysmamyt ata“, „Ýa sadagaň bolaýyn, Ak işan“ ýaly ýüzlenmeleri biz häli-şindi eşidýäris. Keramatlylar bilen bir hatarda beýik şahsyýetleriň ruhuna ýüzlenmek, olary mukaddesleşdirmek Merkezi Aziýa halklaryna has hem mahsus. Görogly ,,däh“ sözüni diňe haýbat üçin, garşydaşlaryny gorkuzmak üçin däl-de, beýik ata-babalarymyzyñ ruhundan kömek, goldaw isläp hem ulanypdyr öýdýäris. „Däh” diýen pursatynda ol ýigitlerine olaryň  şöhratly dahlaryň kowumlarydygyny ýatladýar, tutluşygyň öñünde olaryñ buýsanjyny oýarmaga, ýeñşe ruhlandyrmaga çalyşýar.

Köp muşakgatlary başdan geçiren Parfiýanyň dörän we ilkinji gülläp ösen çaglary meşhur Aşkanylaryü höküm süren asyrlaryna gabat gelýär. Aşkanylar dinastiýasynyň  gowşamagy Pafiýanyň pese düşüp başlamagyna getirýär. Oguz han türkmenlerm zamanasyny taryplap ýazan söýgüli şahyrymyz Şeýdaýynyñ şeýle setirleri bar:

 

-Kyrk şäherden hyraç aldy,

Oguz ili älem doldy.

 

Şeýdaýynyñ gynanç bilen:

 

-Çoh döwran geldi, sowuldy,

Капу onuñ däbiy ýoly?! -diýen sözlerini

tutuşlygyna Parfiýanyň ykbalyna-da degişli etmek mümkin. Aşkanylaryñ patyşalygy ençeme ýüz ýyllyklarda dowam edýär. Ferdöwsiniñ:

 

-Akylly bolan hakykata din salsa,

Beýiklik Aşkany patyşalaryna ýaraşýar,-

 

öz-özünden bu dinastiýany öz adynda ebedileşdirýän Parfiýanyñ şöhratyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň  aladasy netijesinde, Aşgabadyñ taryhy-da türkmeniň ölmez-ýitmezligine, onuñ talantly, gurujy, dörediji, beýik halkdygyna şaýatlyk edýär.

Şu makalada biz ajaýyp şahyrymyz  Şeýdaýa köp ýüzlendik. Onuñ ýene-de iki setirini getiresim gelýär. Şahyryñ „Türkmeniñ ýoly“ goşgusyndaky:

-Döwran dolanýandyr her çak,

Düzlener türkmeniñ haly, -diýen

Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiz Aşgabadyñ alnyndan ak gün bolup dogdy.  Milli Liderimiz  Aşgabada täzeden jan berdi. Şäher bu döwre mydama garaşyp gelen ýalydy. Ukudan oýanan şäher özi barada edilýän aladanyñ arkasyndan gadym eýýamlardaky ýaly pür-pudak ýaýrady. Bitarap döwletiň paýtagtynyñ waspy dilleriň senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baş şäherimiz barada atalyk aladasy onda alnyp barylýan köp sanly gurluşyklarda, оnuň  adatdan daşary çalt ösüşinde görünýär.  Häzirki döwürde Aşgabat diňe dünýäniñ iñ gözel şäherleriniñ biri bolman, eýsem onuñ syýasy we medeni merkezleriniñ birine öwrüldi.

Bahar Mämmedowa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

 

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika