JEMGYÝET

Ahmet Demirok: Türkmenistanda Türkiýä wekilçilik etmek türk diplomaty üçin uly buýsançdyr

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Halkara maslahatynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyş etdi. Ol çykyşynda ilçihananyň adyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ylym we paýhas öýi bolan Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilýän maslahatda Türkmenistanyň diplomatik işgӓrleriniň gününi gutlady.

Şeýle hem ilçi ýanwar aýynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri jenap Raşid Meredowa ynanç hatyny gowşuryp, resmi taýdan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde öz işime başlandygyny belledi.

– Türkmenistan bilen umumy taryhymyza, dilimize, dinimize we medeniýetimize esaslanýan çuňňur gatnaşyklarymyz, hyzmatdaşlyk we umumy bähbitler esasynda günsaýyn has-da güýçlenip özgerýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginiň yz ýanynda Aşgabat şӓherinde Ilçihana açan ilkinji ýurt Türkiýe boldy.
Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklarymyzyň 32 ýyllygyny hem belleýäris – diýip ilçi belledi.

Ilçi Ahmet Demirok Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini hem ilkinji bolup goldan ýurtlaryň biri bolan Türkiýäniň, Türkmenistanyň işjeň bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny belledi. Türk ilçisi ata watany hökmünde görýän Türkmenistanda Türkiýä wekilçilik etmek türk diplomaty üçin uly buýsançdygyny hem agzap geçdi.

Özara saparlaryň ähmiýetini bellän ilçi Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmagy we 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi sapary, türk tarapyndan bolsa, daşary işler ministri jenap Hakan Fidanyň 2023-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistana guran ilkinji resmi sapary, soňra bolsa wise-prezident jenap Jewdet Ýylmazyň 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Aşgabat şäherine bolan saparynyň gatnaşyklary has-da berkitmek we hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin örän netijeli saparlar bolandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi Türkiýäniň Türkmenistan bilen häzirki söwdanyň möçberiniň geçen ýylda 25% töweregi ýokarlanyp 2,6 milliard dollara ýetendigini belläp, söwda möçberini 5 milliard dollarlyk umumy maksada ýetirmek ugrunda tagalla edilýändigini mälim etdi.

Türk ilçisi türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşan goşandy barada hem durup, geçip, türk kompaniýalarynyň Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan hӓzirki wagta çenli  takmynan 50 milliard dollardan gowrak 1080 taslamany üstünlikli tamamlandygyny, 2023-nji ýyl bu manyda üstünlikli ýyl bolup, 2023-nji ýylda türk kompaniýalary 3,2 milliard dollarlyk 7 taslamany durmuşa geçirmäge girişip, öňki ýyllarda başlanan taslamalary hasaba almak bilen, häzirki wagtda 4,4 milliard dollarlyk 21 taslamanyň türk kompaniýalary tarapyndan dowam etdirilýӓndigini uly buýsanç bilen belledi.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy