SIZDEN GELENLER

“Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty giň äleme doldy. Durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halkynyň öz behişdi bedewlerine bolan söýgüsi çäksizdir. Türkmen behişdi bedewini uçar ganaty saýýar. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy döredijilik eserlerinde ýetirilýär.

Ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamak we olaryň şan-şöhratyny has-da artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmatlary çäksizdir. Häzirki döwürde Türkmenistan tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezýärler.

Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir.

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Gahryman Arkadagymyz özüniň boş wagtyny olara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby hem bedewleriň türkmenleriň durmuşyndaky ornuna düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu ajaýyp eseriň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi netijesinde dürli ýurtlaryň okyjylary tutuş adamzadyň bu bahasyna ýetip bolmajak mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkymyz dünýä seçgiçilik sungatynyň deňsiz-taýsyz eserini bagyş etmek bilen birlikde, bu ajaýyp atlaryň tapawutly häsiýetlerini we genofonduny hemişe kämilleşdirmek bilen, gadymy tohum atlaryň arassalygyny ýüzýyllyklaryň içinden geçirip, şu günlere getirmegi başardy.

Häzir biz ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratynyň täze derejede ýokary galýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bedewler halkymyzyň buýsanjy we ylhamy, kalbynyň ganaty, bahasyz milli baýlygy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Biziň döwrümizde zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam edip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, syna gurluşyny kämilleşdirmek hem-de gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň saýlama tohumlarynyň baş sanyny artdyrmak boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Bu gün Türkmenistan iň häzirki zaman derejesindäki atçylyk sport toplumlaryna we merkezlerine eýedir, şolarda täze tohum atlaryny ösdürmek üçin hemme şertler döredildi. Milli at oýunlary we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, şol sanda konkur boýunça ýaryşlar ösüşe eýe boldy.

Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr.

Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.

Kerem Durdymyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/2-gawunyn-bahasy-2355-mun-dollar/

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti