JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezi: birinji tapgyrda 336 bina gurulýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz bu ýerde geçiren iş maslahatynda, welaýatyň täze merkezini iki tapgyrda gurmagyň meýilleşdirilendigini belledi.

  • Birinji tapgyrda 336 sany binany we desgany gurmak göz öňünde tutuldy.
  • Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary bar.
  • Bu ýerde 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu möhüm iri taslamany durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklaryň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylandygyny belledi.

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglanyşylan şertnamalaryň umumy bahasynyň zerur bolan bölegini maliýeleşdirmek üçin, buýrujylaryň ýüztutmasy esasynda amatly möhletler bilen karzlar berildi.

 

BSGG-niň başlygy: pandemiýany aradan aýyrmak üçin 3 çözgüt

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy