JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini 2019 — 2022-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, hususan-da, gurluşygyň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda we ikinji tapgyryny 2020 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri