Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol maslahatda kabul edilen resminamalara laýyklykda, Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
Mundan başga-da, Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.