Afrika yklymynyň iň uly futbol ýaryşy bolan Afrika Milletler Kubogy ertir badalga alýar. Ýaryşda çempion bolan milli ýygynda 7 million dollar pul baýragy berler.
Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) tarapyndan şu ýyl 34-nji gezek geçiriljek bu ýaryş 13-nji ýanwar-11-nji fewral aralygynda Şirmaýy Kenar Respublikasynda geçiriler.
Ertir, ýaryşyň açylyş oýnunda ýer eýeleri Şirmaýy Kenar Respublikasy we Gwineýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.
Bu iri halkara ýaryşda 7 gezek çempiony bolan Müsür ýekşenbe güni “B” toparçada Mozambik bilen, iň soňky çempion Senegal bolsa 15-nji ýanwarda “Ç” toparçada Gambiýa bilen bäsleşer.
Şirmaýy Kenar Respublikasy 1984-nji ýyldan soň ikinji gezek Afrika yklymynyň iri futbol ýaryşyny kabul edýär.
Afrika Futbol Konfederasiýasy çempion toparyna berlen baýrak pullaryny 40 göterim ýokarlandyrdy. 11-nji fewral ýekşenbe güni geçiriljek finalda kubogy gazanan topar 7 million dollar baýrak alar. Ýaryşda finalçy topar 4 million dollar bilen, ýarym finalçy toparlara 2,5 million dollar berler.
