JEMGYÝET

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň ikinji duşuşygynda Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen duşuşdy. Bu toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 9-njy aprelde Kuweýt döwletinde geçirilipdi. Şol duşuşykda “Al-Arabi” topary 2:0 hasabynda üstün çykypdy.

Şu gün bolsa, bu toparlarynyň jogap duşuşygy geçirildi. Birinji duşuşykda gazanylan netijä garamazdan, “Arkadag” topary özüniň kuweýtli garşydaşyny 3:0 hasabynda utmagy başardy. Merkezi Aziýanyň ýeke-täk “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň “Arkadag” topary oýnuň başyndan bäri turuwbaşdan oňat oýun görkezip ýeňiş gazandy. Ýarym final duşuşygy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda göni ýaýlymda berildi.

Finala çykmagy başaran “Arkadag” toparynyň gollaryny 7-nji we 90+4-nji minutlarda S. Tirkişow hem-de 58-nji minutda A. Annadurdyýew geçirdi.

Duşuşyk Arkadga şäherindäki 10 müň orunlyk döwrebap stadionda geçirildi. Bu duşuşyga ýaponiýaly emin H. Kasahara eminlik etdi.

Şeýlelikde, ilkinji gezke gatnaşýan halkara ýaryşynda finala çykan “Arkadag” toparynyň garşydaşy ýa Kambojanyň ýa-da Indoneziýanyň topary bolar. Final duşuşygy maý aýynda geçiriler.

Ýene-de okaň

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar