BIZNES

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC» (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) halkara nebitgaz sergisi geçirildi. Bu sergi nebitgaz pudagyndaky dünýäniň iň uly meýdançalaryň biridir, sergi her ýyl on müňlerçe öňdebaryjy hünärmenleri, ýolbaşçylary we dünýäniň iň uly energiýa kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Türkmenistan bu sergä nebitgaz pudagy, halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döreden uly göwrümli maýa goýum taslamalary we pudakda gazanylan üstünlikleri hödürleýän stendi bilen wekilçilik etdi. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

«ADIPEC-2024-de» Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen nebitgaz kompaniýalary ýurduň uglewodorodlary öndürmekdäki, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna eksport etmekdäki üstünliklerini hödürledi. Bular diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetinde däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da degişli möhüm orna eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

Çäräniň çäginde türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän «Dragon Oil», «ADNOC», «Halliburton», «Petronas» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ara alyp maslahatlaşmalar tehnologiýa alyş-çalşygy, maýa goýum mümkinçilikleridir hyzmatdaşlyk taslamalary, şol sanda sebitleýin we halkara energiýa başlangyçlara gatnaşmagy öz içine aldy.

Halkara energiýa kompaniýalaryň 10 müňden gowrak wekiliniň gatnaşan sergisinde Türkmenistanyň stendi ýurduň baý taryhyny we medeni mirasyny görkezip, häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlandy.

Bu ýere gelenler Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryny, şeýle hem ýurduň energiýa mümkinçiligini görkezýän wideoşekillere tomaşa edip bildiler.

Türkmen wekiliýeti «ADIPEC-2024» konferensiýasynyň strategiki sessiýalaryna hem işjeň gatnaşdy. Işewürlik maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurduň nebitgaz pudagynda, esasan hem durnukly ösüş we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugurlarynda gazananlaryny görkezýän çykyşlary boldy. Şunda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek taslamalaryna we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi