MEDENIÝET

Açarbag bezeg şaýy

Açarbag — ýüzi gadymy nusgalar bilen örtülen dörtburç, inedördül gapyrjak şekilli arassa kümüşden, ýüzüne altyn çaýylyp ýasalan owadan bezeg şaýydyr. Açarbag şaýy galyplanan, bölek-bölek kesilen ösümlik ýa-da geometriki nagyşlary bilen örtülip, zolaklar arkaly galaýylanyp ýasalýar. Olaryň ýüzüni köplenç, pöwrize we gyzyl, ýaşyl, gök reňkli çüýşe gaşlary bilen bezeýärler. Bu şaýyň her gapdalyna bir boýunbag dakylýar. Olar biri-birine kebşirlenen dörtburç plastinalardan ybarat bolýar. Olaryň ýüzünde kümüşden ýasalan altyn çaýylan ýarymtegelek, “goçak” nagşy bolup, hakyk ýa-da çüýşe gaşlary oturdylan plastinalar galaýylanan. Käbir nusgalaryň boýunbaglary örülen kümüş zynjyrlardan ybarat. Açarbagyň özi dörtburç görnüşde bolup, onuň ýokarsynda ýerleşýän iki sany halkajyklara kümüşden ýasalan bir hatar örülen zynjyrlar berkidilen. Zolaklaryň ýüzüne “güller” we owunjak nagyşlar basylan. Açarbagyň dörtburçunyň ýokarsynda “täç” emele gelip, ýüzüniň üç sany zolaklaryna “goç” we geometriki şekiljikler basylýar. Dört hatar örülen kümüş zynjyrlar her tarapynda ýerleşýän bäş sany alty ýaprakly güllere kebşirlenen. Bu boýunbaglaryň ep-esli agramy bolany üçin ene-mamalarymyz açarbagy işilen sapakdan asypdyrlar. Açarbag bezeg şaýy ýurdumyzyň günbatar etraplarynda giňden ýaýrandyr.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

Siz awtoryň Ata Atajanowyň ömri we döredijiligi baradaky makalasyny okamak isleseňiz onda göz ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surada basyň!

Siz şeýle hem Söhbetdeşlik sahypamyza girip Aýjemal Gaýlyýewanyň Türkmenistanyň meşhur sungat işgärleri bilen gurnan söhbetdeşliklerini okap bilersiňiz!

Sungat ussatlary bilen geçirilen Söhbetdeşlikleri okap boljak ýörite sahypamyz

Eger Siz bilim ulgamyna degişli habarlar bilen gyzyklanýan bolsaňyz

bilim ulgamyna degişli habarlary  okamak üçin

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk