DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ösüş agentligi (Usaid) Daşkentde zenanlaryň Sammitini geçirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Zenanlar söwdada: Merkezi Aziýada aýallar üçin kynçylyklar we mümkinçilikler. Iň oňat tejribeler” atly ikinji sebitleýin zenanlar sammitini 2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirer. Sammitiň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, hususan-da söwda we gümrük dolandyryşy pudagynda gender taraplarynyň göz öňünde tutulmagyny üpjün etmek.

Göni söhbetdeşlik üçin sebit sammitine gatnaşyň. Bu çäre, iňlis we rus dillerine terjime edilip, bir wagtyň özünde Zoom platformasynda hem-de YouTube kanalynda ýaýlyma berler. Sammite ýazylmak we çakylyk almak üçin elektron hasaba alyş anketasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Taslamasy, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) we ABŞ-nyň Söwda Hukuklaryny Ösdüriş Maksatnamasy (CLDP) tarapyndan hemaýatkärlik edilýän bu çäre zenan telekeçileri, kärhana eýeleri, jemgyýetçilik ýolbaşçylary, işewür aýallar birleşikleri, döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bir ýerde jemlär.

Sammite USAID-iň Özbegistandaky missiýasynyň müdiri Mikaela Meredit we CLDP-nyň ygtyýarly geňeşçisi Tamar Satterwaýt gatnaşar. Sammit aşakdaky sessiýalary öz içine alýar:

1-nji sessiý“Gümrükdäki zenanlar: Gümrük durnuklylygyny, ygtybarlylygyny we wekilçiligini ýokarlandyrmak üçin gender deňligini gazanmak”. Bu sessiýada gümrük pudagynda gender deňliginiň we dürlüliginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşylar. Sessiýanyň dowamynda içerki syýasatda (adam resurslaryny dolandyrmak, hünäri ýokarlandyrmak we karýera ösüşi ýaly) we daşary syýasatda (gyzyklanýan taraplar bilen özara gatnaşyklar we serhet hyzmatdaşlygy) Merkezi Aziýanyň gümrük edaralarynda gender taýdan öz içine alyjylygy üpjün etmekde toplumlaýyn çemeleşmäni kabul etmek boýunça teklipler berler.

2-nji sessiýa Elektron söwdanyň dünýä söwdasyndaky orny. Ösýän ýurtlardaky zenanlar elektron söwdany nädip ulanyp bilerler? Bu sessiýanyň dowamynda, Merkezi Aziýada elektron söwdanyň ösüşi, hukuk we institusional gurşaw, häzirki meseleler we sebitde elektron söwdany ösdürmek üçin alnyp barylýan syýasat özgertmeler we başlangyçlar gözden geçiriler. Maslahata gatnaşajylar döwlet we hususy pudaklaryň arasynda dialog gurmak we elektron söwda ekosistemasynyň durnukly we öz içine alyjy ösüşini üpjün etmek üçin anyk çäreleri kesgitlemek baradaky pikirleri bilen paýlaşarlar.

3-nji sessiýa “Häzirki geosyýasy üýtgeşmeleriň halkara söwdasyna we üpjünçilik zynjyryna bolan täsiri”. Bu sessiýada Özbegistanda “Ulag we logistika ulgamyndaky zenanlar” birleşiginiň (WiLAT) wekilhanasynyň açylmagynyň peýdalary (gender deňligini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma döretmek), üpjünçilik zynjyry, howa ýollary arkaly ýük daşamak we halkara söwda bilen bagly dürli meselelere öz täsirini ýetirýän häzirki geosyýasy üýtgeşmeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Networking-sessiýasy Merkezi Aziýadaky işewür zenanlar birleşmeleri üçin tejribe alyşmaga, täze işewür gatnaşyklar gurmaga, sebitara baglanyşyk gurmaga, pikir alyşmaga we başarnyklaryndan we mümkinçiliklerinden peýdalanmaga mümkinçilik döreder. Şeýle wakalar, işewür zenanlaryň öňdebaryjy birleşikleriniň arasynda sebit hyzmatdaşlygy barada umumy düşünje döretmek arkaly Merkezi Aziýada gender deňligini we öz içine alyjylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe.

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi