DÜNÝÄ

ABŞ-nyň garaşsyzlyk güni Aşgabatda bellendi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 247 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik guraldy. Ilçihananyň täze binalar toplumynda gurnalan dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Bu çärä “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçylary hem çagyryldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow myhmanlary ilçihananyň täze binalar toplumynyň howlusynda garşylady. Her ýyl ABŞ-nyň garaşsyzlyk güni ýurduň sebitlerine bagyşlanyp geçirilýär. Bu gezek bolsa, günbatar sebitine bagyşlanyp guralan dabarada myhmanlara kowboý başgaplary sowgat edildi.

Şeýle hem ilçihananyň howlusynda ABŞ-nyň günbatara sebitlerini ýatlatmak maksady bilen atyň hem bolmagy myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Dabarada çykyş eden ilçi Mettýu Klimow ýurduň milli baýramynyň ähmiýete barada durup geçdi. Şeýle hem ol ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň edip, geçen 31 ýylyň dowamynda ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýändigini belledi.

Ol ABŞ-nyň Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleriň dikeldilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda gatnaşyklaryny has-da ösdürýändigini belledi.

Dabarada türkmen tarapyndan çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ABŞ-nyň halkyny milli baýramy bilen gutlady.

R.Meredow öz gezeginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ösdürilýändigini belledi. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň goşandynyň uludygy bellenilip, hususy pudagyň wekilleriniň yzygiderli saparlarynyň guralýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem R.Meredow ylym-bilim ulgamynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi, şeýle hem şu günler ýurdumyzda bolýan amerikaly meşhur aýdymçy we sazanda Jeffri Stil özüniň käbir aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Şeýle hem amerikaly aýdymçy dabarada ABŞ-nyň milli senasy hem ýerine ýetirdi.

Aýdym-saz sungatynyň «kantri» žanrynda çykyşlary ýerine ýetirýän belli aýdymçy 8-nji iýulda sagat 19:00-da paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde konsert berer.

Ýene-de okaň

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy