TEHNOLOGIÝA

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinden bolan “GRU Space” startapy Aýda ilkinji myhmanhanalary gurmak meýilnamalaryny yglan etdi we 2032-nji ýylda eýýäm şol ýere syýahatçylary ugratmaga başlamagy maksat edinýär.

Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda aýdylýar.

Kompaniýa öz maksatlaryny soňky ýyllarda ýükleri orbitä çykarmagyň bahasynyň ep-esli arzanlamagy bilen düşündirýär. Bu ýagdaý, esasan, “SpaceX” kompaniýasynyň işi bilen baglanyşyklydyr. Ýükleri kosmosa ugratmak çykdajylarynyň mundan beýläk hem arzanlamagy bazardaky artýan bäsdeşlik, şol sanda “Blue Origin” kompaniýasy we dünýäniň beýleki ýurtlarynda gaýtadan dolanyp bilýän raketalar boýunça köp sanly startaplar we taslamalar sebäpli dowam eder diýlip çaklanylýar.

Şeýle-de kompaniýada kosmosyň eýýäm baý adamlar üçin syýahatçylyk ugruna öwrülip barýandygy bellenilýär.

Ilkinji tapgyrlarda myhmanhanalar syýahatçylar bilen bilelikde Ýeriň hemrasynyň ýüzüne eltiler. Olar iki-dört adam üçin niýetlenen howa bilen doldurylýan modullardan ybarat bolar. Ýylda üç uçuş amala aşyrylan ýagdaýynda, bir syýahatçy üçin çykdajy 416 müň ABŞ dollaryna barabar bolar.

Soňra bolsa Ýerden hem-de Aýyň ýüzünden alnan materiallary ulanmak arkaly has çylşyrymly gurluşlary gurmak meýilleşdirilýär.

San-Fransiskodaky sungat köşgünden ylham alnyp taýýarlanylan dizaýna eýe bolan şeýle myhmanhanalar 10 myhmany kabul edip biler, “ýolagçylygyň” bahasy bolsa 83 müň dollara çenli peselip biler.

Tehnologiýalary synagdan geçirmek üçin taýýarlyk uçuşlaryny 2029-njy we 2031-nji ýyllarda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler

“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi

“Gorogly.com” topary täze “Howamaglumaty.com” taslamasyny hödürledi

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri