Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çärelere badalga berildi. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-a ugradyldy. Şol wekiliýete medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi.
Aşgabat şäheriniň doganlaşan şäheri bolan Albukerke şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň wakalaryna “Ata Watan media” topary hem ýerinde gatnaşyp, şol wakalar mynasybetli habarlar taýýarlaýar.
Ilkinji habarymyzda Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen sergi barada habarly etmek isledik. Bu ýerdäki sergide ýurdumyzyň baý medeniýetini we taryhy açyp görkezýän eserler ýaýbaňlandyryldy. Oňa tomaşa etmek üçin ABŞ-nyň dürli ştatlaryndan köp sanly myhmanlar geldi. Şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik foruma gatnaşmak üçin Albukerke şäherine ABŞ-nyň dürli ştatlarynda bolýan türkmen raýatlarynyň hem gatnaşandygyny aýratyn bellemek ýakymlydyr.
Sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Hususan-da, ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserlerine has köp gyzyklanma döräp, amerikalylaryň aglabasy bu eserleri ýadygärlik surata düşürdiler.
Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günlerine Arkadag şäheriniň wekilleriniň hem gatnaşýandygy ýatlamak isleýäris.